Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: edil erän ýaly, koronawirus howpy mahalynda, Howpsuzlyk geňeşiniň başlygy Nazarbaýew nirede?


Gazagystanyň harby gullukçylary karantin üçin ýapylan Almaty şäherine girilýän ýerdäki blokpostda.
Gazagystanyň harby gullukçylary karantin üçin ýapylan Almaty şäherine girilýän ýerdäki blokpostda.

Gazagystanda koronawirus epidemiýasynyň ýaýramagy bilen ýurduň ykdysadyýetinde hem medisina pudagynda agyr krizis döredi. Muňa garamazdan, ýurduň öňki prezidenti hem-de Howpsuzlyk geňeşine ömürlik ýolbaşçylyk edýän Nursoltan Nazarbaýew köpçüligiň nazaryndan ýitdi.

Gazagystanyň resmi ýolbaşçylary koronawirus epidemiýasynyň ýaýramagy bilen ýurduň saglygy saklaýyş pudagynda emele gelen kynçylyklary hem-de ykdysady çökgünligi ýeňip geçmäge çalyşýarlar. Ýurduň esasy eksporty bolan nebitiň bahasynyň dünýä bazarynda birden aşaklamagy şeýle ykdysady kynçylyklaryň döremegine getirdi.

Şeýle möhüm hem agyr ýagdaý dowam edýärkä, «elbasy» («milletiň lideri»)hem-de Howpsuzlyk geňeşiniň başlygy, ýurduň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew gaýyp bolana döndi.

Nazarbaýew Howpsuzlyk geňeşiniň ömürlik ýolbaşçysy bolup durýar. Görnüşinden, ol ýok ýa-da gatnaşmaýan wagtynda, ýurtda şeýle giň çäkdäki çökgünlik dörese-de, Geňeş onsuz geçirilmeýäne meňzeýär.

Beýleki bir tarapdan, soňky wagtlarda Nazarbaýewiň görünmezligi asla geň ýagdaý däl.

Gazagystanyň bu agyr günlerinde, munuň şeýleräk boljakdygy geçen ýyllarda aýdylan bolsa-da, bu onuň häsiýetine girmeýär. Onsoňam awtoritar lider iýul aýynda 80 ýaşyny doldurýar. Aýdylýan gep-gürrüňlere görä, ol birnäçe ýyl bäri mäzde dörän rak keselinden bejergi alýar. Garrylyk, saglygy diklemek aladalarynyň üstüne birden koronawirus infeksiýasyny alaýsa, bu oňa gaty agyr düşjek.

«Elbasynyň»‘Nazarbaýew uniwersitetini’ döredendigini-de unudyp bolmaz, ol adam ömri baradaky ylmy merkez üçin pul gaýgyrman gelýär. Ol merkez bolsa uzak ýaşamak meselelerini hem-de garrylyga garşy göreşmegi öwrenýär. Nazarbaýewiň uzak ýaşasy gelýär, şonuň üçin gyrgynçylykly pandemiýa wagtynda onuň köpçülige görünmegi barada gürrüň bolup bilmez.

ÖLÜM HAKDAKY GÜRRÜŇLER

Ýöne Nazarbaýewiň özüni töwerekden üzňelikde saklamagy ýakymsyz gep-gürrüňleriň ýaýramagyna sebäp boldy. Onuň barlyşyksyz syýasy garşydaşy, Ýewropa gaçyp çykan öňki bank ýolbaşçysy Muhtar Ablýazow 3-nji aprelde Facebooksahypasynda, onuň ölümi baradaky habary ýaýratdy.

Merkezi Aziýanyň liderleri belli bir wagt içinde köpçülige görünmeseler, onuň keseldigi ýa-da ölendigi baradaky habarlar ýaýrap gelýär. Bu ýagdaý Nazarbaýew babatynda-da gaýtalandy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň iýul aýynyň aýagynda hem awgustyň başlarynda köpçülikleýin habar serişdelerinde görünmänsoň, üstesine-de munuň sebäpleri mälim edilmändigi üçin, onuň ölümi baradaky habar ýaýrapdy.

Şol gürrüňlerden soň ol habar serişdelerinde ilkinji gezek peýda bolanda, birneme mejalsyz görnüpdi, her halda onuň peýda bolmagy ölüm barada aýdylan gep-gürrüňleriň aşa çişirilendigini görkezdi.

Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew.
Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew.

Gazagystanyň öňki prezidenti görünmeýän wagtynda, «elbasy»üçin onuň metbugat-sekretary Aýdos Ukibaý çykyş etdi.

4-nji aprelde Aýdos Ukibaý Muhtar Ablýazowyň maglumatyny ýalana çykaryp, Nazarbaýewiň janynyň sagatdygyny aýtdy. Ukibaýyň sözüne görä, karantin şertlerinde Nazarbaýewiň iş kabinetine barmak çäklendirilipdir, şertler mümkinçilik beren wagtynda eks-prezident wideoda peýda bolar.

Ukibaý şeýle hem Nazarbaýewiň öňküler ýaly işleýändigini, ýerli akimler, şol sanda Almaty oblastynyň ýolbaşçysy Amandyk Batalow bilen gant şugundyryny artdyrmagyň plany barada gepleşikgeçirendigini aýtdy.

Bu habardan gelip çykyşyna görä, Nazarbaýew ýerli çinownikler bilen gatnaşyk saklaýar. Nähili-de bolsa, Gazagystanyň Howpsuzlyk geňeşiniň iki aýdan gowrak wagt bäri geçirilmän durmagy geň ýagdaý.

YKDYSADY KYNÇYLYKLAR

OPEK+ sammitinde Russiýa bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky pikirleriň çapraz gelmegi sebäpli 9-njy martdan başlap, nebitiň bahasy birden aşaklady. 13-nji martda bolsa Gazagystanda koronawirusa ýolugan ilkinji näsag hasaba alyndy.

Howsuzlyk geňeşiniň soňky maslahaty 11-nji fewralda geçirilipdi, muňa Gazagystanyň günortasynda ýüze çykan milletara ganly çaknyşyk sebäp boldy.

Şol maslahatda Nazarbaýew koronawirus epidemiýasynyň Hytaýyň hem Gazagystanyň ykdysadyýetine ýaramaz täsir etmeginiň mümkindigini aýdypdy.

— Biz elimizi gowşuryp oturmaly däldiris... Beýle ýagdaýda biziň oňa garşy durmaga çärelerimiz taýýar bolmaly, şol sanda milli ykdysadyýetiň daşarky faktorlaryna ýaramaz täsiriniň öňüni almaga – diýip, Howsuzlyk geňeşiniň maslahatynda Nazarbaýew aýdypdy.

Ilkinji koronawirus ýokuşan näsag hasaba alnanda, Gazagystanyň hökümeti bu epidemiýa garşy özlerinde plan bardygyny aýtdy. Şol wagtda ýurduň iri şäherleri karantin sebäpli ýapylanda, ykdysadyýeti goldamak hem-de wagtlaýyn işini ýitirýänler üçin serişde goýbermek göz öňünde tutuldy. Ýöne 11-nji fewralda geçen Howsuzlyk Geňeşiniň maslahatyndaol pandemiýanyň näçe derejede agyr hem uzak boljakdygyny bilmeýärdiler. 2020-nji ýyl üçin ýurduň ykdysady girdejiniň diňe bir nebitiň bahasynyň aşaklamagyndan däl, önümçiligiň karantin sebäpli saklanmagynyň-da täsir etjegini bilmeýärdiler.

Garaşylmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna garamazdan, Howsuzlyk geňeşiniň maslahaty hatda wideokonferensiýa şekilinde-de geçirilmedi.

Almatynyň köçesinde duran maşynyň içindäki ýüzi goragly adam.
Almatynyň köçesinde duran maşynyň içindäki ýüzi goragly adam.

Howsuzlyk geňeşiniň agzasy hem-de ýurduň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, premýer-ministr Askar Mamin bilelikde hereket edip, jemgyýetçilige hem-de köpçülikleýin habar serişdelerine Nazarbaýew bilen gatnaşykdadygyny aýtdylar.

Howsuzlyk Geňeşiniň beýleki bir agzasy, senatyň başlygy Dariga Nazarbaýewa - «elbasynyň»uly gyzy köpçülikleýin habar serişdelerine ýüzlenip, Beýik Britaniýadaky özüne hem ogly Nuraly Aliýewe degişli bolan, umumy bahasy 100 million dollara durýan üç sany gozganmaýan emlägiň bikanun pullar arkaly satyn alynmandygynyaýtdy.

MILLI BÄHBITLER

2018-njiýylda Gazagystanyň Konstitusiýasyna üýtgeşme girizilip, Howsuzlyk geňeşiniň ygtyýarlygy giňeldildi hem-de Nazarbaýewe onuň ömürlik ýolbaşçysy bolmaga hukuk berdi.

Geňeşe Konstitusiýanyň organy hökmündäki ygtyýarlyk berildi. Geňeş «ýeke-täk döwlet syýasatyny alyp barmakda koordinirleýji hyzmaty ýöretmek, milli howpsuzlygy hem-de içerki syýasatyň durnuklylygyny üpjün etmek, konstitusion gurluşy goramak, döwlet garaşsyzlygyny berkarar etmek, ýurduň territorial bitewiligini hem-de halkara arenasynda Gazagystanyň milli bähbitlerini goramak üçin, Gazagystan Respublikasynyň goranmak ukybyny ýokarlandyrmaga eýe boldy».

Şonuň bilen birlikde«Howsuzlyk geňeşiniň gelen kararyny, şeýle hem Geňeşiň operatiw – gyssagly maslahatynyň görkezmesini hökmany suratda ýerine ýetirmek döwlet organlaryna, guramalara hem jogapkär gullukçylara borçly edildi».

Şeýlelikde, Howsuzlyk geňeşi ýurt üçin aýratyn agyr pursatda milli bähbitleri goramaga örän işjeň girişmeli ýaly görünýär. Ýöne häzirlikçe bu görnenok, köpçülik bolsa «milletiň liderinden»bir zat eşitmäge garaşýar.

Makalada aýdylan pikir awtoryň özüne degişli bolup, Azatlyk Radiosynyň pozisiýasyny aňlatmaýar.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG