Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda split sistemalar sökülip, başga ýere geçirilýär. Balkanlylara splitleriň we antennalaryň aýryljakdygy duýdurylýar


Aşgabadyň Parahat 2/4 etrapçasynyň 7-nji jaýynda Öý dolandyryş edarasynyň işgärleri split sistemalary söküp, jaýyň başga ýerine geçirýärler. 15-nji aprel, 2020 ý.
Aşgabadyň Parahat 2/4 etrapçasynyň 7-nji jaýynda Öý dolandyryş edarasynyň işgärleri split sistemalary söküp, jaýyň başga ýerine geçirýärler. 15-nji aprel, 2020 ý.

Aşgabadyň häkimiýetleri şäheriň köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndaky ýyladyjy-sowadyjy split sistemalary aýryp, başga ýere geçirmek işlerine täzeden başladylar. Bu aralykda, Balkan welaýatynyň Balkanabat we Türkmenbaşy şäherleriniň ýaşaýjylaryna split sistemalarynyň we çanak antennalarynyň aýryljakdygy duýduryldy.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biriniň aýtmagyna görä, split sistemalary jaýlaryň bir diwaryndan aýryp, beýlekisine geçirmek işleri 15-nji aprelde Parahat 2/4 we Parahat 4 etrapçalarynda alnyp baryldy.

"Şu gün Parahat 2/4 etrapçasynyň 7-nji jaýynda bu işleri amal etmek üçin ýaşaýjylardan her bir split üçin 150-200 manat aldylar. Bu puly töläp bilmedik adamlara bolsa, split sistemalarynyň sökülip aýryljakdygyny duýdurdylar. Splitleri penjireleriň aşagyndan aýryp, içerki sowadyjylar bilen birikdirilen şlanglaryň başlanýan ýerine geçirmegi talap etdiler. Bu işler onlarça jaýda alnyp baryldy" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 15-nji aprelde belledi.

Emma ýaşaýjylaryň ençemesi şeýle edilende sowadyjy sistemalarynyň birleşdiriji şlanglarynyň gaňrylýandygyny we olara zyýan ýetýändigini aýdýarlar.

"Jaý eýeleri split sistemalarynyň we olaryň şlanglarynyň tiz wagtda hatardan çykmagyndan alada edýärler" diýip, habarçy sözüniň üstüne goşdy.

Üstesine-de, bu işler split hünärmenleri tarapyndan däl-de, Öý dolandyryş edarasynyň işgärleri tarapyndan amala aşyryldy.

Habarçy bu ýagdaýyň ýaşaýjylary has-da alada goýýandygyny, sebäbi mundan ozal şäheriň beýleki etrapçalarynda şeýle işler Öý dolandyryş edarasynyň işgärleri tarapyndan amala aşyrylandan soňra, sowadyjylaryň tiz wagtda hatardan çykmagy bilen bagly wakalaryň köp ýüze çakandygyny belledi.

"Şeýle bolanda, ýaşaýjylar öz hasabyna diňe ussany däl, eýsem diňi bolan ýörite ulaglary hem çagyrmaly bolýarlar. Bu bolsa, ilat üçin goşmaça kösençlik we maddy çykdajy bolýar" diýip, habarçy sözüniň üstüne goşdy.

Aýdylmagyna görä, bu işleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän häkimligiň resmileri bularyň sebäplerini "ýokardan berlen görkezme" diýip, "jaýlaryň görküni owadanlaşdyrmak üçin edilýär" diýip düşündirýärler.

Bu aralykda, Azatlygyň Balkandaky habarçylarynyň biri hem, mart aýynyň üçünji ongünlüginden bäri Türkmenbaşynyň 1-nji we 2-nji mikroraýonlarynyň hem-de Balkanabat şäheriniň ýaşaýjylaryna split sistemalarynyň we çanak antennalarynyň aýryljakdygy barada duýdurylýandygyny habar berýär.

"Bu şäherleriň ýaşaýjylarynyň aglabasynda kabel telewideniýe ýok. Şeýle-de, öňumiz yssy tomus. Ýaşaýjylar nägile bolsa-da, alaçsyz ýagdaýy kabul edýärler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan balkanly habarçy 15-nji aprelde gürrüň berdi.

Habarçy splitleri we antennalary aýyrmak çäreleriniň indi birnäçe ýyl bäri tapgyrlaýyn esasda alnyp barylýandygyny, ýöne şu ýyl bu işleriň Awazada dynç alyş möwsümi başlanýança doly tamamlanjakdygy barada gürrüňleriň bardygyny hem belledi.

Türkmenistanda ýaşaýjylar split sistemalaryndan, kadaly işlemeýän ýyladyş sistemalary sebäpli, gyşda jaýlaryny ýylatmak we tomusda jokrama yssydan sowatmak üçin peýdalanýarlar.

Türkmen häkimiýetleri "şäheri abadanlaşdyrmak, jaýlaryň görküni owadanlaşdyrmak" çäreleri diýip, split sistemalaryny we çanak antennalary aýyrmak ýa-da jaýlaryň başga ýerine geçirmek işlerini indi ençeme ýyl bäri wagtal-wagtal amala aşyryp gelýärler.

Bu işler soňky gezek şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda alnyp barlypdy. Şonda Oguzhan köçesiniň ugrunda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlaryň arka tarapyndaky split sitemalar penjirelerden sökülip, balkonlaryň gapdal diwarlaryna oturdylypdy.

XS
SM
MD
LG