Türkmenistan Orsýetden koronawirus näsaglaryny bejermekde ulanmak üçin uly möçberdäki medisina enjamlaryny satyn alýar.
TASS habar gullugynyň maglumatyna görä, Orsýetiň “Medsizntez” kärhanasy Türkmenistana häzirki wagtda Hytaýda koronawirus näsaglaryny bejermek üçin hassahana barlagyndan geçirilýän “Triazawerin” prepataryny satdy.
“Medzintez” kompaniýasynyň başlygy Aleksandr Petrow “Biz Türkmenistana [pereparat] iberdik. Bu ynsanperwer haryt däl, serişde goýberildi, olar özleri üçin satyn aldylar” diýdi.
Habarda iberilen dermanlyk enjamlaryň möçberiniň uludygy, ýagny 2 müň çemesi gutudan ybaratdygy, her gutuda hem 20 kapsulyň bardygy aýdylýar.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň maglumatyna görä, fewralyň başynda Hytaý bu dermany we beýleki enjamlary synag üçin satyn alypdyr, emma häzire çenli “Triazaweriniň” koronawirusy bejermekdäki netijeleri çap edilmändir.