Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Günorta Koreýadan ýene-de 400 awtobus satyn alýar


Marydaky ýolagçy awtobusy
Marydaky ýolagçy awtobusy

“Hyundai Motor” altynjy gün Türkmenistan bilen 60 million ABŞ dollaryna barabar awtobus söwdasyna gol çekendigini aýtdy diýip, “koreaherald.com” neşiri habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, Günorta Koreýanyň awtoulag öndürýän kompaniýasy Türkmenistanyň Transport ministrligi bilen baglaşan ylalaşygyna laýyklykda,Bitaraplyk baýramyna çenli Aşgabada “New Super Aero City” awtobuslarynyň 400 sanysyny iberer.

Bu“Hyundai” kompaniýasynyň bir gezekde şeýle uly möçberde awtoulag satmak barada daşary ýurt hökümeti bilen baglaşan ikinji uly ylalaşygydyr. Mundan öň kompaniýa 2016-njy ýylda 66 million ABŞ dollaryna 500 awtobus satdy.

“New Super Aero City” awtobusynda öňki modeller bilen deňeşdirilende kämilleşdirilen funksiýalar, şol sanda yzky kamera we yzky trafik duýduryş funksiýalary bar.

“Hyundai” bu awtobuslaryň öünmçiligine maý aýynda başlamagy hem-de awtobuslaryň ählisini 12-nji dekabrdan, Türkmenistanyň Biitaraplyk gününiň 25 ýyllyk baýramyndan öň Türkmenistana eltmegi planlaşdyrýar.

Bu kompaniýa häzire çenli Türkmenistana jemi 1,200 awtobus satdy diýip, habarda aýdylýar.

Paýtagt Aşgabatda hereket edýän şäher awtobuslarynyň ählisi “Hyundai” kompaniýasynyň “Aero City” awtobus tapgyryna degişli bolup, täze ulaglar hem şol maksat bilen öndüriler.

XS
SM
MD
LG