“Index on Censorship” guramasy 2020-nji ýyl üçin Söz-beýan azatlygy baýraklaryna dalaş edýän kampaniýalaryň gysga sanawyny çap etdi.
4-nji martda guramanyň websaýtynda çap edilen maglumata görä, Türkmenistanyň türmelerinde tussaglaryň dereksiz we zorluk bilen ýitirim edilmegine garşy göreşýän “Olary diri görkeziň!” kampaniýasy bu sanawa goşuldy.
““Olary diri görkeziň!” – bu türkmen türmelerinde uzak möhletleýin türme tussaglygyny berjaý edýän köp sanly bendiniň hukuklaryny gorap çykyş edýän kampaniýadyr. Uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilen adamlaryň zorluk bilen ýitirim edilmegi – Türkmenistanda adam hukuklarynyň iň ýiti bozulmalarynyň biridir” diýlip, guramanyň habarynda aýdylýar.
“Olary diri görkeziň!” kampaniýasy 1990-njy ýyllardan gözbaş alýan bu tejribä degişli ýüzlerçe wakany dokumentleşdirdi. Azyndan 27 adam tussaglykda aradan çykdy diýlip, beýanatda aýdylýar.
Şeýle-de, onda kampaniýanyň basyşlary esasynda häzirki wagt öňki tussaglaryň ýurdy terk etmegine we dereksiz ýiten bendileriň käbirini baryp görmäge rugsat berilýän ýaly bolup görünýändigi hem bellenilýär.
“Olary diri görkeziň!” kampaniýasynyň Orsýetdäki utgaşdyryjysy Ýuriý Jibladze 9-njy martda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda özüniň “bu kampaniýanyň bir bölegidigine buýsanýandygyny” aýtdy.
Ýanwar aýynda agzalýan kampaniýa geçen ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň prezidentine hat ýazyp, möhleti dolan tussaglaryň haýal etmän azatlyga goýberilmegine çagyrdy. Kampaniýa 21-nji ýanwarda çap eden beýanatynda bu hatyň ýurduň häkimiýetlerine ýanwaryň başynda gowşandygyna tassyknama alandygyny belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.