Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ABŞ-dan koronowirusa garşy göreş üçin kömek alýar


Saglyk aýynda maşk edýän saglyk işgärleri. Aşgabat, 2016 ý.
Saglyk aýynda maşk edýän saglyk işgärleri. Aşgabat, 2016 ý.

ABŞ-nyň hökümeti 2-nji martda Birleşen Ştatlaryň halkara ösüş boýunça adatdan daşary ätiýaçlyk gaznasyndan koronowirusyň ýüze çykan ýa-da onuň ýaýramak ähtimallygy ýokary bolan 26 ýurda 37 million dollar möçberinde maliýe kömegini berjekdigini yglan etdi diýip, USAID-iň beýanatynda aýdylýar.

Bu maliýe kömegini alýan ýurtlaryň arasynda, Merkezi Aziýadan Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan we Gyrgyzystan bilen bir hatarda, Türkmenistan hem bar.

Owganystan, Angola, Indoneziýa, Yrak, Keniýa, Günorta Afrika, Filippinler, Zambiýa we Zimbabwe, Bangladeş, Birma, Komboja, Efiopiýa, Laos, Mongoliýa, Nepal, Nigeriýa, Pakistan, Taýland, Wýetnam ýaly ýurtlara goýberilýän serişdeler Bütindünýä saglyk guramasyna (BSG) we USAID bilen hyzmatdaşlyk edýän beýleki edaralara we programmalara gönükdiriler. ABŞ bu maksatlar üçin jemi 100 dollar möçberinde serişde berýär.

Azatlyk Radiosynyň iki habarçysy 3-nji martda, hassahananyň gizlinlik şerti bilen gepleşen işgärlerine salgylanyp, azyndan iki sany adamyň koronawirus sebäpli keselländigini habar berdiler.

Emma şol gün Ýokanç keselleriň öňüni almak we bejermek boýunça merkeziň resmisi Azatlyk Radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde bu maglumaty ret etdi.

Türkmenistanyň hökümeti iki aýdan gowrak wagt bäri dünýä ýaýraýan koronawirusy ilkinji gezek 25-nji fewralda resmi derejede agzady we bu keseliň ýurtda ýokdugyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG