Aşgabadyň bazarlarynda mundan birnäçe gün ozal satuwdan aýrylan kartoşka ýaňadandan peýda boldy. Emma, alyjylar onuň hiliniň juda ýaramazdygyny aýdýarlar.
Ýatlatsak, Golaýda Türkmenistan goňşy ýurtda ýaýraýan koronawirus keseli bilen baglylykda, Eýran bilen aradaky döwlet serhedini näbelli möhlete çenli ýapdy. Munuň yzýany, paýtagtyň hususy we döwlete degişli söwda nokatlarynda kartoşkanyň bahasy gymmatlady, soňy bilen asla-da ýitirim boldy.
Kartoşkanyň söwdadan aýrylmagyndan, ýagny mundan bir hepdä golaý wagt ozal, Aşgabadyň bazarlarynda 5-6 manatdan bahalanan kartoşkanyň 1 kilogramynyň bahasy hususy söwdada, hiline görä, 8-14 manada galdy, döwlet dükanlarynda hem 11 manada çykdy.
“Aşgabadyň ‘Teke bazarynyň’ merkezindäki iki nokatda kartoşka 6 manatdan satylyp başlandy. Emma, ilat onuň hiliniň ýaramazdygyny görüp, ony satyn almakdan ýüz öwürýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 1-nji martda gürrüň berdi.
Paýtagtyň “Jennet” bazarynda hem kartoşka bäş manatdan, çäklendirilen mukdarda satuwa çykaryldy.
“Kartoşkany almak üçin uly nobat döredi. Adam başyna bäş kilogramdan artyk berilmeýär. Emma, berilýän kartoşkanyň ýarpysyndan gowragynyň hili juda ýaramaz” diýip, aşgabatly beýleki bir habarçy 29-njy fewralda maglumat berdi.
Türkmenistanyň özünde-de döwlet plan borçnamasy esasynda daýhanlaryň kärende ýerlerinde kartoşka ösdürilip ýetişdirilýär. Ýöne içerki bazarlaryň ýerli kartoşka bilen üpjünçiligi boýunça anyk statistiki sanlar mälim edilmeýär. Galyberse-de, Türkmenistanyň Eýrandan import edýän kartoşkasynyň möçberi we bahasy barada Döwlet gümrük gullugynyň resmi hasabatlarynda agzalmaýar.
Agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän Türkmenistanda soňky kartoşka gytçylygy bilen bir hatarda, eýýäm ençeme ýyl bäri gündelik sarp edilýän beýleki, şol sanda un, ýag, ýumurtga ýaly azyklaryň gytçylygy dowam edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.