17-nji fewralda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap sudy raýat Wepa Matýakubowa “çagyryş boýunça harby gullukdan boýunça gaçyrmakda” günä bildirip, 2 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Bu barada Ýegowa şaýatlary dini akymynyň metbugat wekili Jarrod Lopes 24-nji fewralda Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 2019-jy maddasynyň 1-nji bendine görä, harby gulluga çagyrylyşdan boşadylmagy üçin Kanuny esaslary bolmadyk ýagdaýynda şeýle gullukdan boýun gaçyrana iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
“Wepa dini ynanjy sebäpli harby gullukdan ýüz öwürendigi üçin ikinji gezek jenaýat jogapkärçiligine çekilýär” diýip, Lopes aýtdy.
Onuň maglumatlaryna görä, raýat Wepa Mätýakubow Jenaýat kodeksiniň şol bir maddasynyň esasynda 2017-nji ýylda-da jogapkärçilige çekildi, oňa iki ýyl möhlet bilen düzediş işlerinde işlemek jezasy berildi.
“Türkmen häkimiýetleri şol bir etmiş üçin soňky iki ýylyň dowamynda iki ýegowa şaýadyny ikinji gezek jogapkärçilige çekdi” diýip, Lopes maglumat berdi.
Azatlykdan mahrum edilen Mätýakubowyň häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň DZ-D/7 deslapky tussaghanasynda saklanylýandygyny Lopes habar berdi. Ol Mätýakubowyň işi boýunça şikaýat suduna arz ediljekdigini mälim etdi.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap sudundan kommentariýa alyp bilmedi.
Ýegowa şaýatlary dini akymynyň metbugat wekiliniň Azatlyk Radiosyna tassyklamagyna görä, häzirki wagtda Türkmenistanda 10 ýegowa şaýat dini ynanjy sebäpli tussaglykda saklanýar.
Konstitusiýa laýyklykda dünýewi döwlet bolan Türkmenistanyň baş kanuny ýurt raýatlarynyň din azatlygyna kepil geçýär. Dine uýmagyň, dini däp-dessurlaryň we geýimleriň gadagançylygy kanunlarda agzalmaýar.
Muňa garamazdan, ýurt raýatlarynyň iş ýerinde namaz okamagyna ýa metjide gatnamagyna garşy çäre görülýändigi, dine uýýan raýatlaryň basyşlara we yzarlamalara sezewar bolýandygy barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary hem-de çeşmeleri indi ençeme ýyl bäri habar berip gelýärler.
Türkmen hökümeti raýatlaryň din azatlyklaryny çäklendirmekde tankyt edilýär. Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti geçen ýylyň dekabrynda ýaýradan soňky hasabatynda Türkmenistany dini azatlyklar boýunça “Aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň” sanawyna täzeden goşdy.
6-njy ýanwarda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Ýegowa şaýatlary dini akymynyň metbugat wekili Jarrod Lopes, Türkmenistanda tussag edilen Şaýatlaryň öz ýurduny söýýändigini aýtdy:
“Bu oglanlar öz ýurduny söýýärler. Olar öz ýaşaýan jemgyýetlerine goldaw bermek isleýärler. Eger-de muny etmäge rugsat berilsedi, bu hemmeler üçin peýdaly bolardy” diýip, Lopes aýtdy.
Ol Türkmenistanda harby borçlulyga alternatiwa hökmünde raýat pudagyna degişli gulluk mümkinçiliginiň döredilmeginiň ähli taraplara peýdaly boljakdygyny teklip etdi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurduň raýaty bolan her bir erkek adamdan harby borçlulyk talap edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.