Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halilzad we Gani “Talyban” bilen gelnen ylalaşygy maslahat etdiler


ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad
ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad

ABŞ-nyň ýörite wekili Zalmaý Halilzad täze saýlanan owgan prezidenti Aşraf Gani bilen Owganystanda ýedi günüň dowamynda gazaplylygy togtatmak barada Birleşen Ştatlaryň we “Talybanyň” arasynda gelnen ylalaşygy maslahat etdiler.

18-nji fewralda Ganiniň geçen ýylky prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanandygy yglan edilipdi. Emma, onuň esasy bäsdeşi, baş dolandyryjy Abdullah Abdullah muny ykrar etmekden ýüz öwürdi.

Prezident edarasynyň ýaýradan beýanatynda bellenmegine görä, Gani we ABŞ diplomaty owgan hökümetiniň parahatçylyk ylalaşygyny durmuşa geçirmegi boýunça ýerli liderler bilen “netijeli” duşuşyklary geçiripdirler.

Şeýle-de, 19-njy fewralda Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Josep Borrell telefon söhbetdeşliginde Ganini prezident saýlanmagy bilen gutlady we “parahatçylyk prosesini” ilerletmek üçin tagalla etmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG