Hytaýda täze respirator, ýagny dem alyş wirusy sebäpli dördünji adam öldi. Bu wirusa ýurduň dürli welaýatlaryndaky 220-ä golaý adam ýolugdy. Şeýle-de wirus Taýlanda, Ýaponiýa we Günorta Koreýa ýaýrady.
Hytaý bu täze wirusyň 15 saglyk işgärine ýokuşandygyny hem 20-nji ýanwarda mälim etdi.
Wirus barada ilkinji gezek dekabr aýynda habar berildi.
Bu wirusyň saglyk işgärlerine ýokuşmagy, onuň ozal çak edilişinden, adamlara has aňsatlyk bilen geçýändigini görkezdi.
Bütindünýä Saglyk Guramasy krizisi maslahat etmek üçin 22-nji ýanwarda gyssagly maslahat geçirer.