Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kongresdäki demokratlar Ak tamyň Süleýmanä ediljek hüjüm baradaky bildirişinden kanagatlanmaýar


Wekiller öýüniň öňbaşçy demokraty Nancy Pelosi Ak tamyň Kongrese iberen hatynyň “jogaba garanda has kän sorag döredýändigini” aýtdy.
Wekiller öýüniň öňbaşçy demokraty Nancy Pelosi Ak tamyň Kongrese iberen hatynyň “jogaba garanda has kän sorag döredýändigini” aýtdy.

Ak tam prezident Donald Trampyň buýrugy esasynda 3-nji ýanwarda, Eýranyň ýokary derejeli harby serkerdesi Kasem Suleýmanini Yraga sapar edýän wagtynda öldürmek üçin urlan dron zarbasy barada Kongrese resmi bildiriş hatyny iberdi.

Bu bildiriş haty 4-nji ýanwarda, ABŞ-nyň 1973-nji ýyldaky “Uruş ygtyýarlyklary hakyndaky akt” atlandyrylýan kanun esasynda iberildi. Bu kanun prezident dolandyryşynyň ýaragly güýçleri girizmek ýa-da öňde duran harby hereketler barada 48 sagadyň çäginde habardar etmegini talap edýär.

Ak tam jikme-jiklikleri gizlin bolan bildiriş haty barada bada-bat düşündiriş bermedi, onuň “redaktirlenen” görnüşiniň jemgyýetçilige ýetiriljegi hem aýdyň däl.

Respublikanlaryň köpüsi Trampyň bu hereketini öwse, demokrat kanun çykaryjylaryň köpüsi prezidentiň bu hüjümden öň Kongresden tassyknama almazlygyndan ýa-da ony habarly etmezliginden nägile boldy. Olar bu ýagdaýyň Birleşen Ştatlary Eýran bilen urşa alyp barmak ähtimallygyndan alada bildirdiler.

Wekiller öýüniň öňbaşçy demokraty, spiker Nancy Pelosi biraz soň Ak tamyň Kongrese iberen bildiriş hatynyň “jogaba garanda has kän sorag döredýändigini” aýtdy.

Tamp bu hüjümi “urşy duruzmak” üçin buýrandygyny aýtdy we Süleýmaniniň ABŞ bähbitlerine we ýaranlaryna garşy “ýakyn we elhenç” hüjümleri gurnamak bilen meşgul bolandygyny öňe sürdi.

62 ýaşyndaky Suleýmani Eýranyň gazaply Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň saýalama “Kuds” güýçleriniň komandiridi. ABŞ “Kuds” güýçlerini daşary ýurt terrorçy guramalarynyň sanawyna girizdi.

XS
SM
MD
LG