Türkmenabatly pensionerleri ýaşaýan ýerlerindäki pension edaralaryna ýüz tutup, özleriniň diridigini subut etmäge borçly etdiler. Bu barada habar berýän Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, indi raýatlar öz pensiýalaryny almak üçin ýaşaýan ýerinden resminama we ýerli keselhanadan hat almaly bolýarlar.
"Lebap welaýatynyň ähli etraplarynda pensiýa alýan raýatlardan etrap sosial üpjünçilik edaralaryň pension bölümlerine hut özleriniň ýüzlenmegini we diridigini subut etmegi talap edýärler. Olar munuň üçin ýaşaýan ýerinden resminama we keselhanadan hat alyp barmaly bolýarlar" diýip, habarçymyz 24-nji dekabrda habar berdi.
Ýerli resmileriň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, bu çäreler pensionerleriň ölen ýagdaýynda olaryň bank kartlaryna geçirilýän puldan olaryň ýakynlarynyň ulanylmazlygy üçin görülýär.
"Bu çäreler pensioner raýatlaryň aradan çykan ýagdaýynda olaryň maşgala agzalary plastik kartyndan pensiýalaryny alaýmasyn diýip, edilýär. Şeýle wakalar birde ikide bolupdyr" diýip, habarçymyz aýdýar.
Azatlyk Radiosyna bu düzgünleri Lebap welaýatynyň döwlet edaralaryndan resmi taýdan tassyklatmak we raýatlaryň pensiýa üpjünçiligine degişli goşmaça maglumatlary almak başartmady.
Emma, bu düzgünler, hususan-da Türkmenistanyň paýtagtynda geçen ýyldan bäri dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatda pensionerleriň diridigini yzygiderli tassyklamagyna degişli düzgüniň 2018-nji ýylyň ortalarynda girizilendigini, emma raýatlaryň aglaba köpüsiniň bu talap barada diňe öz hasaplaryna pul geçmänsoň bilip galandygyny habar beripdi. Aşgabatly pensionerlere resmi duýduryş berilmändir.
"Adamlaryň ozleriniň ölmändigi barada baryp, hökman tassykladyp gaýtmalydygy barada köpçüligi habarly etmediler. Birinji gezek pensiýalaryň kartlara üç gezek geçirilmeginden soň sosial üpjünçilik edarasyna barmaly. Ikinji we ondan soňky gezeklerinde her 6 aýdan baryp durmaly" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy geçen ýylyň noýabr aýynda habar berdi.
Habarçylarymyza mälim bolşuna görä, bu düzgün hökümetiň 2018-nji ýylyň baharynda amala aşyran pension reformasynyň bir bölegi bolup durýar. Şonda pensionerleriň tas ählisiniň pensiýalary bank kartlaryna geçirilipdi.
Türkmenistanda pensiýanyň minimal möçberi resmi taýdan 307 manat derejesinde kesgitlenýär. Her ýyl pensiýalar 10% göterilýär. Emma pensionerleriň sözlerine görä, ýurtda harytlaryň we hyzmatlaryň yzygiderli gymmatlaýan döwründe pensiýalaryň 10% göterilmeginiň täsiri duýulmaýar.
Üstesine, hojalyklaryň ençemesinde uly ýaşly agzalaryň pensiýalary käte tutuş maşgala üçin esasy eklenç çeşmesi bolup durýar.
Şu günler Türkmenistanda pensionerleriň ýüzbe-ýüz bolýan esasy kynçylyklarynyň ýene biri plastik kartlaryna geçirilýän puly nagtlaşdyrmakdan ybarat. Tutuş ýurt boýunça bankomatlarda köplenç pul bolmaýar. Puluň bolan ýagdaýynda uly nobatlar döreýär, pul hemmä ýetmeýär.
Paýtagtda-da, welaýat merkezlerinde-de ilat, şol sanda pensionerler puluň öz hasaplaryna geçirilen günlerinde bankomatlaryň öňündäki nobatlara ýazylýarlar, käte gijelerine nobatda durýarlar.
Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň ýolbaşçylary bankomatlarda puluň ýetmezçilik edýändigini boýun aldy, emma bu ýagdaýy tehniki kemçilikler bilen düşündirdi. Bankomatlarda pul ýetmezçiligi şu günki gün hem saklanyp galýar, häkimiýetler bolsa nobat döremeginiň öňüni almaga synanyşýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.