Sepleriň elýeterliligi
Esasy mazmuna dolan
Esasy nawigasiýa dolan
Gözlege dolan
Türkmenistan
Merkezi Aziýa
Halkara
Habarlar gündeligi
Dünýä Türkmenleri
Salam, Dogan!
Multimedia
Azatlyk Wideo
Azat Adalga
Fotosergi
Infografik
Petiklenen websaýta girmegiň ýollary
Русский
Bizi yzarlaň
AÝ/AR-nyň ähli saýtlary
Gözleg
РУС
Göni efir
Göni efir
Gözleg
Ozalky
Indiki
Soňky habar
Fotosergi
"Ýeke damja-da bolmaz!" Sowetler döwrüniň arakhorluga garşy plakatlary
Dekabr 22, 2019
1920-nji ýyldan başlap, 1980-nji ýylyň ahyrlaryna çenli Sowet Soýuzynda alkogolly içgileri az içmek barada yzygiderli kampaniýa ýöredildi. Ýöne ol netije bermedi.
1
1930-njy ýyldaky alkogolizme garşy Sowet plakaty. Alkogolly içgä “medeni rewolýusiýanyň duşmany” diýlipdir. Suratyň ýüzünde: “Medeni rewolýusiýanyň duşmanyny ur!” diýen ýazgy bar.
2
1929-njy ýylyň plakaty. Boýny gyzyl galstukly oglan suratyň ýüzündäki “spirt” sözüniň
i
harpyny çyzyp, ony “sport” edýär. Aşakdaky ýazgy: “
O
harpy – güýje,
i
harpy – mazara”. 1929-njy ýylda Sowet hökümeti piwo hem beýleki alkogolly içgileri satýan nokatlary köpçülikleýin ýapmak barada görkezme beripdi.
3
1929-njy ýylda çap edilen plakatda: “Gara kassadan aýlyk almak utanç!” diýen ýazgy bar. Iş wagtynda tertip-düzgüni bozýanlara “gara kassadan” aýlyk alýanlar diýlipdir. Ýazgydan aýdyljak bolunýan pikir spirtli içgileri içýänleriň iş öndürijiligi pes bolup, ahyrky netijede bäşýyllyk tabşyryk ýerine ýetirilmeýär diýlen alada bar.
4
”Içipdirin, sögüpdirin, bir agajy döwüpdirin – indi nädip il ýüzüne serederin”. Aşakdaky ýazgy: “Utanç!” 1958-nji ýylda alkogola garşy nobatdaky kampaniýada, köp ýerlerde arak satmak gadagan edildi.
Ýene-de ýükle
"Ýeke damja-da bolmaz!" Sowetler döwrüniň arakhorluga garşy plakatlary
Back to top
XS
SM
MD
LG