“Türkmenhowaýollary” gullugy Britaniýa amala aşyran uçuşlaryny dikeltmezlik kararyna geldi.
Mundan öň, “Türkmenhowaýollary” gullugy 3-nji dekabrdan başlap, Boeing 737-800 uçary bilen her sişenbe güni Aşgabat-London aralygynda uçuşlary amala aşyrmagy planlaşdyrypdy.
Emma, 9-njy dekabrda bu ugur boýunça gatnaw uçuşlaryň tertibinden aýryldy diýip, Routes Online mälim edýär.
Ýatlatsak, 7-nji dekabrda, 10 aýa çeken arakesmeden soň, “Türkmenhowaýollary” Ýewropa Bileleşigine, has takygy Frankfurta amala aşyrýan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýupdy.
4-nji fewralda Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugy (EASA) “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine uçýan we bu bileleşigiň çäklerinden yzyna uçýan uçuşlaryny togtadypdy. Gadagançylygyň takyk sebäpleri mälim edilmedi.
14-nji oktýabrda Türkmenhowaýollarynyň başlygy Döwran Saburow Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berip, Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentliginiň (EASA) barlagyndan üstünlikli geçendigini mälim etdi.
Gadagançylykdan ozal, Türkmenistan London Heathrow (LHR) we Birmingham (BHX) ugurlary boýunça uçuşlary amala aşyrýardy.
1992-nji ýylda döredilen “Türkmenhowaýollary” ýolagçylara edilýän hyzmatyň hili boýunça halkara derejesinde geçirilýän reýtinglerde ýyllarboýy pes bahalary alýar. Onuň öz ýolagçylaryny köp garaşdyrmagy kemçilikleriň arasynda agzalýar. Şeýle-de, bu howaýollary kompaniýasy bilen sapar eden ýolagçylaryň ençemesiniň goşlarynyň açylandygy barada“Skytrax” neşirinde habarlar hem bar.