Dünýäniň belli we kän bir meşhur bolmadyk ýurtbaştutanlary haýsy uçarlarda uçýarlar?
1. Eýran
2018-nji ýylda ABŞ Rohaniniň Airbus uçarynyň operatory Dena Airlines kompaniýasyna garşy sanksiýalary girizipdi. Gadagançylyklar eýran lideriniň syýahatlaryny kynlaşdyrýar. Sebäbi, ýerde uçara hyzmat edýän kompaniýalara garşy gadagançylyklaryň girizilmegi mümkin.
2. ABŞ
Mundan 20 ýyl ozal öndürilen uçarlar göni howada ýag-ýangyç guýduryp bilýärler. Olarda raketa hüjümine garşy ulgam hem ornaşdyrylandyr.
Açyk asman-mawy reňkli liwreýa fransuz asylly amerikan dizaýneri tarapyndan döredildi. Ol Coca Cola çüýşesiniň we Lucky Strike temmäki önüminiň logotiplerini hem döredipdi.
Prezidentiň 2024-nji ýylda ulanyşa beirlmeli ýurtbaştutanynyň täze uçarynyň liwreýasynyň diznaýnyny üýtgetmek baradaky çykyşy dürli garaýyşlary döretdi.
3. Russiýa
Uçar Russiýada öndürildi. Onuň içindäki mebel berýozadan ýasaldy.
2007-nji ýylda Internetde Putiniň uçarlarynyň biri üçin ýasalandygy aýdylýan altyn santehniki enjamlarynyň suratlary peýda boldy.
4. Hytaý
1990-njy ýyllaryň aýagynda Hytaý Boeing kärhanasyndan ýurtbaştutany üçin ýörite uçary sargady. Emma, uçar 2000-nji ýylda gowşurylandan soňra, Hytaýyň ýörite gulluklarynyň onuň diwarlarynda diňleýji enjamlarynyň çylşyrymly ulgamyny tapandygy aýdylypdy.
Hamana diňleýji enjamlarynyň tapylandygy baradaky dawadan soňra, Hytaý Air China kärhanasyna degişli raýat uçarlaryny ulanyp başlady.
5. Gazagystan
Tokaýewiň uçary ýurduň ozalky prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiňkä garanyňda has sadadyr. Nazarbaýew has uly Airbus A330-200 uçarynda uçýardy.
Gazagystanyň täze prezidentiniň Nazarbaýewiň, 250 million dollardygy aýdylýan, şahsy uçarlaryny we wertolýotlaryny nä derejede ulanyp bilýändigi belli däl.
6. Demirgazyk Koreýa
Bu uçarlar ilkinji gezek 1960-njy ýyllarda ulanyşa berildi. Kimiň ulanýan uçarynyň mundan 39 ýyl öň öndürilendigi aýdylýar. Ýewropa Bileleşigi Il-62 uçarlaryny, olaryň hereketlendirijisiniň gohy sebäpli, öz asmanynyň üstünden uçmagyna çäklendirme girizdi.
7. Germaniýa
Germaniýada döwlet resmilerini gatnatmak üçin birnäçe uçar ulanylýar.
Tehniki näsazlyklar sebäpli german syýasatçylarynyň awiaparky käbir kynçylyklar bilen hem ýüzbe-ýüz bolupdy. 2018-nji ýylda Merkel, uçaryň näsazlyklar sebäpli adatdan daşary gonuşy amala aşyrmaly bolandygy üçin, Argentinada geçen G20 sammitine gijä galypdy.
2019-njy ýylda Germaniýanyň goranmak ministri meseleli hökümet uçarlarynyň üçüsiniň täzelenjekdigini aýtdy. "Biz muny etmeli. Meniň pikirimçe, muňa ähli kişiniň gözi ýetýär" diýip, ministr žurnalistlere aýdypdy.
8. Ukraina
Ukrain prezidentiniň ygtyýarlygynda başga-da, şol sanda aşa ygtybarly Airbus uçary hem bar. Emma, howpsuzlyk bilen bagly dürli görkezijilere hem garamazdan, Zelenskiýiň "Antonow" kärhanasynyň rus-ukrain bilelikdäki uçaryna ýykgyn edýändigine çalym edýär.
2011-nji ýylda "Antonow" kärhanasynyň uçarlarynyň biri howada dargady we ot aldy. Hadysada uçaryň bortundaky ähli alty adam öldi.