Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HORMATLY ARKADAG: Siziñ arzañyzy berip gitmegiñiz gerek, Hormatly Arkadag!


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Hormatly Arkadag!

Aşgabatda 16-njy tapgyry gidip duran gurluşyk işlerini arada aýlanyp gördüñiz. Meniñ size raýat hökmünde soramak isleýän zadym bar. Bu tapgyrlaryñ soñy haçan geler? Ýalnyş düşünmäñ göripligim ýok. Ýöne şu jaýlarda kimler ýaşamaly? Ozaly bilen 3 -5 sany jaýy bolanyñkya ýene biri goşulmaly ýa-da jaýdan kösenip ýören aşaky gatlak adamlara amatly şertler bilen berilermi? Mena beriler öýdemok. Berjek bolsañyz Olimpiadañ jaýlaryny bereñdede ýetýär, näme halkymyz bar?

Onsoñam Aşgabatda adam galmada herkim daşary döwletlere gitdi, kimisi işlemäge, kimisi ýaşamaga, kimisem sistemañdan bizar bolup ymykly gitdi.

Mundan başga da näme üçin siz bular ýaly tapgyrlary welaýatlarda alyp barañyzok? Welaýatlylar näme adam dalmi, ýa salgyt tölänokmy? Ýa da 3-nji gatlak hasaplanýarmy adamlary? Siziñ bar akylyñyzyñ aýlanyşymy şu?

Welaýatlaryñ entek ýolyny abatlamak beýlede dursyn, köp obalarynda gaz, suw, telefon, tok ýaly zerur hyzmatlary üpjin edip bileñizoga. Kanalizasyaña ysam ýok.. Ynha gyş düşse gazy haýallaýar, sahel şemal tursa togy öçýär. Telewizorda da elitga jaýlary guran bolup reklama edýäñiz, bolyami şul edýaniñiz? Ýurtda galmagal tursa ilki bilen siz gunakarsiniz, aýtmady diýmäñ!

Hemme zady gyra goýalyñ, bu gurluşygy telekeçilere gurdurýanyñyz gaty gowy zat. Buig kompaniýa näme gerekli gerekmejek gurluşyk etdirip saklap yörsuniz. Özüñiza dollaryñ gara bazardaky nyrhyny 19 manatdan aşak düşüreyin, bazara dollar göybereyin diýeñizok, ýene de gyzyl pula million dollarlap biderek gurluşyklara harçlaýañyz.

Viza kartlardyr, okuw töleglerinema Daşary sowda bankyñyzyñ tölemage ukyby ýok. Haysi goñşy döwletlerde şeyle krizis bar, şolaryñ haysinda sendaki yali gaz, nebit we önümleri bar? Şonda da halky eklap saklap bileñizok. Siziñ arzañyzy berip gitmegiñiz gerek Hormatly Arkadag! Siz işiñiz de düýpli kemçilikleri göyberýarsiñiz.!

Halkyñ arzuwydyr!

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

------------------------

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG