Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amnesty International türkmenistanly geý ýigidiň ýanalmagyna garşy “gyssagly hereket” kampaniýasyna başlady


Kasymberdi Garaýew
Kasymberdi Garaýew

Halkara günä geçiş guramasy, Amnesty International 6-njy noýabrda türkmenistanly geý ýigit Kasymberdi Garaýewiň ykbaly barada alada edip, “gyssagly hereket” kampaniýasyna başlady.

Onuň çäginde Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça öz üstüne alan halkara borçlaryny ýatladyp, resmi Aşgabady eden-etdilikli tussag etmelerden we zorlukly ýitirim etmelerden el çekmäge, LGBT hukuklaryny horamatlamag çagyrmak, Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hat ýazmak nazarda tutulýar.

Bu kampaniýa Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa sapar edýän wagtyna gabat geldi.

Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, 24 ýaşyndaky türkmen kardiology Kasymberdi Garaýew 21-nji oktýabrda radio bilen söhbetdeşlikde özüniň Türkmenistanda geý erkek hökmünde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada açyk gürrüň bereninden soň, 24-nji noýabrda polisiýa çagyryldy we ýitirim boldy.

Şu aralykda türkmen häkimiýetleri ýurtdaky LGBT azlygynyň wekillerini anyklamak çärelerine başlady.

LGBT hukuklaryny goraýjy guramalaryň ençemesi Kasymberdi Garaýewi gorap, kampaniýa başlady; Italiýan senatory Monisa Çirinna (Monica Cirinna) ony gorap çykyş etdi; Italiýanyň “Arçigeý” (Arcigay) guramasy, Erkekleriň saglygy boýunça Ýewraziýa koalisiýasy (ЕСОМ), Halkara “Ollaut” (Allout) guramasy italiýan hökümetini Türkmenistanyň delegasiýasy bilen duşuşyklarynda Garaýewiň ykbalyny anyklamaga çagyrdy.

Mundan öň, adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rigths Watch guramasy hem 1-nji noýabrda beýanat ýaýradyp,türkmen häkimiýetlerini Kasymberdi Garaýew baradaky sowallary aýdyňlaşdyrmaga çagyrdy.

Şu aralykda, K.Garaýew 6-njy noýabrda giçlik Azatlyk bilen habarlaşdy we özüniň geý hökmünde görýän kynçylyklary barada ozal aýdan zatlaryny ret etdi.

XS
SM
MD
LG