Türkmen aktiwistleriniň bir topary Türkmenistanyň paýtagtynda öýsüz itleriň we pişikleriň öldürilýändigine ünsi çekip, muňa garşy gol toplaýarlar. Türkmenistanda öýsüz itleriň we pişikleriň ýok edilmegini bes etmek barada çagyryş Change.org websaýtynda çap edilipdir.
"Türkmenistanda birnäçe ýylyň dowamynda itleri we pişikleri rehimsizlik bilen öldürýärler. Munuň bilen ýurduň jemagat gulluklary, öý dolandyryş edaralarynyň işgärleri, köçe süpüriji zenanlar we erkekler, bag-bakja ekýän edaralar, polisiýa meşgullanýar. Haýwanlary demir taýaklar bilen urup öldürýärler, zäherleýärler, içine howa geçmeýän haltalara gabaýarlar" diýlip, çagyryşly petisiýada aýdylýar.
Bu petisiýa graždan inisiatiwalary öňe sürmek we sosial problemalary çözmek maksatlarynyň guraly bolan Change.org websaýtynda aşgabatly haýwanlary goraýjy Galina Kuçerenkonyň inisiatiwasy bilen ýerleşdirilipdir.
Makalanyň çap edilen pursadynda bu çagyryşa 700-den gowrak adam gol çekipdir.
"Gije-gündiz ýurduň içinde ýörite awtoulaglar - zulumkeşler gatnaýarlar, olar aslyýetinde köçeleriň arassaçylygy üçin niýetlenýär. Olar itleri we pişikleri awlaýarlar. Döwletiň zulumkeşlerinde resmi dokumentler bar. Olar demir taýaklar bilen dilsiz haýwanlary urup öldürýärler we maýyp edýärler. Bu zatlaryň ählisi köpçüligiň gözüniň öňünde-de, gijelerine-de edilýär. Ölüm konweýeri bir minut hem dynmaýar. Biz, Türkmenistanyň biparh bolmadyk raýatlary birnäçe ýyl bäri gije-gündiz dowam edýän bu elhenç, ganly wakalara goşulyşmagy haýyş edýäris" diýlip, türkmenistanly haýwanlary goraýjy aktiwistler tarapyndan ýerleşdirilen petisiýa çagyryşynda aýdylýar.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly aktiwistler ýagdaýy beýan edip, çap edilýän maglumatlardan soň Türkmenistanyň häkimiýetleriniň haýwanlar babatyndaky rehimsizlikden el çekip, idegsiz haýwanlar problemasyna siwilizlenen ýoldan çemeleşmek usulyna geçip başlamagyna umyt baglaýarlar.
Soňky aýlaryň dowamynda Aşgabadyň jemagat gulluklarynyň işgärleriniň şäheriň köçelerinde itleri we pişikleri tutmak boýunça çäreleri öň görlüp-eşidilmedik derejedäki rehimsizligi bilen tapawutlandy. Itleri zäherlemek we tutulan ýerlerinde öldürmek ýaly ýagdaýlaryň ençemesi mälim boldy.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagt häkimiýetleriniň itleri we pişikleri ýok etmek boýunça alyp barýan guramaçylykly çäreleri barada yzygiderli habar berýärler.
Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň 4-nji noýabrda habar bermegine görä, şu günler şäherde giňden ulanylýan usullaryň biri haýwanlary zäherlemek üçin içi awuly azyk önümlerini ýerleşdirmekden ybarat.
"Şäheriň merkezinde şu günler içi zäherli azyk ýerleşdirýärler, olary köçe süpürijiler ýygnamaýarlar" diýip, habarçymyz aýtdy.
Birnäçe ýylyň dowamynda haýwanlary goraýjy aktiwistler öýsüz haýwanlaryň ýok edilmegi sebäpli türkmen häkimiýetlerini tankyt edip gelýärler. Üstesine, haýwanlaryň eýeleri we aktiwistler soňky döwürde öýde saklanýan itleriň we pişikleriň ogurlanmagy we öldürilmegi ýaly ýagdaýlaryň köpelendigine ünsi çekýärler.
Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, Aşgabatda tutulan haýwanlary köplenç dessine öldürýärler, ýa-da Çoganlyda öýsüz haýwanlaryň saklanýan ýerine tabşyrýarlar, olar şol ýerde açlykdan we ýowuz şertlerden heläk bolýarlar. Ölen haýwanlar şäheriň Bedew massiwiniň golaýyndaky senagat zolagynda, daşyna germew aýlanan we gorag astyndaky ýerde ýerleşýän çukura taşlaýarlar.
Aşgabadyň häkimiýetleri şäherde haýwanlaryň awlanmagyna degişli meseläni resmi derejede agzamaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.