Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyna haj zyýaratyna gitjek türkmenistanlylary ýene-de mugt uçar bilen üpjün etmegi buýurdy.
TDH-nyň 2-nji awgustda beren maglumatyna görä, döwlet baştutany 160 zyýaratçynyň 5-25-nji awgust aralygynda haj zyýaratyny amala aşyrmaklary üçin Saud Arabystany patyşalygyna sapara gitmegine rugsat berýän karara gol çekdi.
Adatça bolşy ýaly, zyýaratçylar Saud Arabystanyna bu ýyl hem “Boeing 737-800” uçarynda, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň serişdeleriniň hasabyna alnyp gidiler we yzyna getiriler.
Geçen ýyl döwlet baştutanynyň saýlanyp-seçilen zyýaratçylar üçin döredýän mugt uçar mümkinçiliginden 153 zyýaratçy peýdalandy. Ondan öň, 2017-nji ýylda “Türkmenhowaýollarynyň” hasabyna 160 türkmenistanly haj zyýaratyny amala aşyrdy.
Türkmen mediasy her ýyl haj zyýaratyndan gelenleriň ýurduň prezidentine özleri üçin döredilen mümkinçilik üçin alkyş aýdýandyklaryny habar berýär. Bu geçen ýyl hem şeýle boldy.
“Zyýaratçylarymyz uçardan düşüp, mähriban topragymyza gadam goýanlarynda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa goldawy hem-de... haj parzyny berjaý etmäge döreden mümkinçiligi üçin uly şatlyk we tolgunma bilen tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler” diýip, TDH 2018-nji ýylyň 27-nji awgustynda habar berdi.
Türkmenistanda döwlet tarapyndan saýlanyp-seçilýän zyýaratçylary döwletiň hasabyna Saud Arabystanyna ibermek garaşsyzlyk ýyllarynda kada öwrüldi we başda bu mümkinçilikden has kän adam peýdalanýardy. Mysal üçin, 2014-nji ýylda prezident Berdimuhamedowyň karary esasynda, “Türkmenhowaýollarynyň” hasabyna guralan saparda 188 türkmenistanly haj zyýaratyny amala aşdyrdy.
Türkmenistan özüni dünýewi döwlet diýip atlandyrýar. Emma muňa garamazdan, Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan ýerli synçylar döwletiň adamlaryň dini ynançlaryna hem kontrollyk etmäge çalyşýandygyny, metjitleriň gurluşygyna, ymamlaryň işe bellenmegine, haj zyýaratyna gitjekleriň sanawynyň düzülmegine berk gözegçilik edýändigini aýdýarlar.
Birleşen Ştatlaryň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasy Türkmenistandaky din azatlygynyň ýagdaýyna şu ýyl hem pes baha berdi.
Halkara din azatlygy komissiýasy 2019-njy ýyldaky ýyllyk hasabatynda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentine Türkmenistany ýene-de aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň hataryna goşmagy maslahat berdi.
Publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň 2018-nji ýylyň awgustynda Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, garaşsyzlygyň 26 ýyly içinde döwletiň hasabyna mugtuna haja gitjek adamlara55-60 million dollar möçberine serişde harçlanandygy çaklanylýar. Ol bu serişde telekeçilere berlen bolsa, “bolmanda 600-700 sany kiçi kärhana dörerdi, olaryň hersinde 20 adam işlände hem bu derejedäki işsizlik, gytçylyk bolmazdy” diýip pikir edýär.
Soňky haj habarlary bilen baglylykda, ýyl başynda pajygaly ýagdaýda wepat bolan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen Türkmenistanda dörän “döwlet haj medeniýeti” we işsizlik barada 2018-nji ýylyň awgustynda geçiren söhbetdeşligimiz biraz gysgaldyp, gaýtadan eşitdirmegi makul bildik.