Türkmenistandaky wakalary beýan edýän hökümetçi websaýtlar köpelýär we Azatlygyň habrçylary olaryň ýene-de iki sanysynyň peýda bolandygyny (www.business.com.tm we www.ashgabat.in) habar berdiler.
Bu saýtlaryň ikinjisinde hatda Aşgabatda golaýda bolan gaz partlamasynda ejir çekenlere edilen kömek-ýardam işleri barada gürrüň berýän wideo hem çap edildi.
Emma bu wideo esasan wagyz-propaganda mazmunly bolup, adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň halas ediş işgärleriniň öz wezipe-borçlaryny çalasyn we aňrybaş derejede ýerine ýetirendigini nygtamak, ejir çeken adamlaryň olardan we özleri üçin edilen aladalardan razydygyny görkezmek üçin çap edilene meňzeýär.
Şol bir wagtda wideoda gaz partlamasy netijesinde ýaraly bolanlaryň hassahana ugradylandygy aýdylsa-da, ejir çekenleriň ýagdaýy, ölen adamlaryň bolup-bolmandygy aýdyňlaşdyrylmaýar.
Azatlyk radiosynyň 17-nji iýulda habar berşi ýaly, 16-njy iýulda Aşgabadyň 10-njy etrapçasyndaky köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birinde gaz partlamasy boldy we binanyň ýokary gatyndaky otaglaryň käbiri bölekleýin opuryldy.
Bellemeli ýeri, Azatlyk radiosynyň paýtagtdaky habarçylary bilen bir hatarda, bu hadysa hakynda Türkmenistan barada habar berýän garaşsyz websaýtlar we türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan turkmenportal.com neşiri hem maglumat çap etdi.
Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň iberen suratlarynda patlamanyň dört gatly ýaşaýyş jaýynyň 4-nji gatynda bolandygyny we onuň başga-de azyndan üç kwartira zyýan ýetirip, käbir otaglaryň diwarlaryny bölekleýin opurulmagyna sebäp bolandygyny görse bolýar.
Azatlyk radiosyna adam ýitgisiniň bolandygy baradaky habary resmi çeşmelere tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady.
Bu waka barada Türkmenistanyň döwlet metbugatynda, şol sanda Türkmen döwlet habarlar agentliginiň (TDH) we “Türkmenistan Altyn Asyr” websaýtlarynda hem maglumat berilmeýär.
“Türkmen.news” neşiri öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, partlamanyň bolan jaýynyň aşagyndaky, ýagny üçünji gatdaky kwartirada bir çaganyň heläk bolandygyny habar berdi.