Türkmenistanyň prezidentiniň 5-nji iýuldaky kararyna laýyklykda, Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisi 25-nji sentýabrda Aşgabat şäherindäki Ruhyýet köşgünde geçiriler.
TDH Halk maslahatyna gatnaşjak adamlaryň “saýlawlarynyň geçirilmegini üpjün etmegiň” tabşyrylandygyny habar berýär.
Türkmenistanyň Halk maslahaty ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýzowyň döreden guramasy bolup, ol öz ygtyýarlyklary boýunça parlamentden hem ýokarda goýuldy.
Synçylar bu guramanyň ýurtdaky şahsyýet kultuny ösdürmek, kanunlardan sowlup geçilmegini üpjün etmek üçin ulanylandygyny aýdýarlar.
Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelenden soň, bu guramanyň ygtyýarlyklaryny kemeldip, ony Ýaşulular maslahaty derejesine geçirdi.
Emma ol 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda, Ýaşulular maslahatynyň soňky mejlisinde ozal ýatyran Halk maslahatyny dikeltdi we onuň halk tarapyndan saýlanmadyk agzalarynyň teklipleri esasynda garaşsyzlygyň başyndan bäri berlen durmuş ýeňilliklerini ýatyrdy.
Ýatyrylyp dikeldilen Halk maslahatynyň ilkinji mejlisi geçen ýylyň sentýabrynda Aşgabatda, aýdylan wagtyndan gijigip, gysgaldylan görnüşde geçirildi.