Türkmenistanyň hökümet delegasiýasy Halkara ykdysadyýet forumyna gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga geldi diýip, TASS habar gullugy habar berýär.
Delegasiýa ýurduň wise-premýeri, daşary işler ministri Reşit Meredow ýolbaşçylyk edýär.
Neşir daşary işler ministrligine salgylanyp, türkmen delegasiýasynyň forumyň plenar sessiýasyna gatnaşjakdygyny, Türkmenistanyň beýleki ýurtlar we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyk geçirjegini habar berýär.
2019-njy ýyldaky Sankt-Peterburg Halkara ykdysadyýet forumy 6-8-nji iýun aralygynda geçirilýär.