Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Haly baýramyny belleýär, prezident halyçylary öwýär, senet problemasy azalmaýar


Aşgabat. Dükanda geçmeýän haryda öwrülen halylar.
Aşgabat. Dükanda geçmeýän haryda öwrülen halylar.

Türkmenistanyň prezidenti Türkmen halysynyň baýramy, bu baýrama gabat geçirilýän halkara sergi we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň 19-njy mejlisi mynasybetli gutlagyny çap etdi.

“Türkmen halysy halkymyzyň ruhy ahwalydyr” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň 26-njy maýdaky gutlagynda bellenilýär.

Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, Türkmenistanda “halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär, täze halyçylyk kärhanalary işe girizilýär, halyçy gelin-gyzlaryň işlemekleri we dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär”.

Prezidentiň her ýyl Haly baýramyna gabat çap etdirýän gutlaglarynda aýdýan dabaraly sözlerine garamazdan, ýurtda gölleri döwlet baýdagyny bezän türkmen halyçylygyna bolan yhlasyň ýyl-ýyldan azalýandygy aýdylýar.

Munuň sebäbi Türkmenistanda halyçynyň zähmetine tölenýän hakyň pesligi, daşarky bazarlara çykaryljak halylara basylýan böwet, halynyň bir adamyň şahsyýet kultuny dabaralandyrmakda ulanylmagy, meýdanda aýak astyna düşelmegi bilen düşündirilýär.

“Azatlyk” bilen anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly halyçy türkmen halysynyň indi köpçülik çäresinde aýak astyna taşlanýan “har haryda” öwrülendigini aýtsa, ýerli synçylaryň biri radio bilen söhbetdeşlikde türkmen halyçylarynyň soňky ýyllarda “hökümet tarapyndan iň öwülýän we bogulýan senetçiler" bolandygyny belledi.

XS
SM
MD
LG