Hytaýdaky musulman uýgurlar dowamly ýagdaýda “elhenç kemsitmelere” sezewar edilýärler; emma, bu hereketleri üçin Pekiniň hökümeti juda az, ýa asla-da hiç hili jogapkärçilik çekmeýär diýip, ABŞ-nyň federal komissiýasynyň dini azatlyk boýunça ýaýradan hasabatynda aýdylýar.
Hasabat ABŞ-nyň Halkara Dini Azatlyklar boýunça Komissiýasy tarapyndan 29-njy aprelde çap edildi.
Onda Döwlet Departamentine Russiýany we Özbegistany din azatlygy boýunça aýratyn alada döredýän ýurtlaryň sanawyna goşmagy maslahat berilýär.
Rekommendasiýalarda Russiýada 2018-nji ýylyň dowamynda hökümetiň dini azlyklara garşy “repressiw häsiýetli basyşlarynyň artandygy”; şeýle-de Özbegistandaky özgerişlere garamazdan, onda “dini azatlyklara garşy ýowuz çäklendirmeleriň saklanyp galýandygy” bellenilýär.
Dini Azatlyklar boýunça Komissiýa Hytaýyň esasan demirgazyk-günbataryndaky Şinjiang sebitinde ýaşaýan azlykdaky uýgur musulmanlaryna görkezilýän basyşlary hem ýazgarýar.
Hytaýda 15 milliondygy çaklanylýan uýgurlar Pekiniň alyp barýan syýasatyna garşy uzak wagtdan bäri şikaýat edip gelýärler.