Gepleşigimiziň geçen sanlarynda XX asyryň 30-njy ýyllarynyň aýaklaryna çenli türkmenleri häzirki Türkmenistandan owgan topragyna bosup çykmaga mejbur eden şertler barada gürrüň etdik. Bu gün şol gürrüňleri köpçülikleýin gaçyşlaryň gözli şaýatlary bilen geçirilen arhiw söhbetdeşlikleri esasynda dowam edýäris.
100 ýyl töweregi mundan ozal häzirki Türkmenistanyň çäginden Owganystana ýa-da Eýrana bosup çykan adamlaryň duçar bolan güni, olaryň ykbaly türkmen halkynyň taryhyna we şu gününe çemeleşmek jähtden wajyp bolup durýar.
Eýsem, şol günleri obýektiw suratlandyrýan maglumatlar bu günki gün degişli döwletleriň arhiwlerinde tapdyrýarmy, ýa-da şol döwürlerde döredilen eserlerde öz obýektiw beýanyny tapýarmy!?
Arhiw
Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady geçen asyryň başlarynda ýurtdan köpçülikleýin gaçyp çykmaga mejbur bolan adamlaryň käbirleri bilen 20 ýyl töweregi mundan ozal interwýu alypdy. Interwýularda köpçülikleýin imigrasiýa mejbur bolan adamlar şol döwürleriň gowgasyny gürrüň berýärler. Olaryň berýän maglumatlaryny resmi çeşmelerden, arhiwlerden ýa-da döwlet dokumentlerinden tapmak mümkin däl. Gaçmaga mejbur bolan adamlaryň gürrüň berýän ýatlamalary dilden-dile geçip hakydalara ornaşýar.
Meselem, olaryň hatarynda Hudaýnazar aga öz başdan geçirmelerini gürrüň berýär. Onuň maglumatlaryna görä, bu wakalar çen bilen 40-njy ýyllarda, hatda Jahan urşy döwürlerinde bolup geçýär. Hudaýnazar agany sowet häkimiýetleri döwlet duşmany yglan edip, sürgüne ýollaýar. Ýöne ol dört adam bolup sürgünden gaçyp, obasyna Lebaba barýar:
Gaçyş
“Dört adam bolup gaçdyk; iki adama ok degdi, ikimiz gaçyp gutuldyk. 18 gije-gündizden soň gelip, öz öýüme, Lebaba bardym. Doganlarym meni üç günläp derýanyň ortasynda saklap, ondan soň, “ýa şu toprakdan çykarsyň, ýa-da ölersiň” diýişiberdiler. Ondan soň men azat bolup, ýa öleýin ýa-da bir ýana öteýin diýip, 14 gije-gündiz ýol ýöräp, nirededigimizi hem bilmäni, Owganystana geçdim” diýip, ol gürrüň berýär.
Sowet zamanasynyň ir döwürlerinde döwlet duşmany diýlip yglan edilen bolsa, ýurtdan gaçyp çykandan soň, Hudaýnazar aganyň dogan-garyndaşlaryna sowet häkimiýetleri azar bermändirmi? Ol muňa şeýle jogap berýär:
“Her kim ki özi näme etse, şony özi çekmeli; ene bilen, ata bilen dogan-garyndaş bilen işi ýokdy, orsuň kanuny şolar ýalydy” diýip, ol gürrüň berýär.
Arzuw
Ýöne Owganystana bosup çyksa-da Hudaýnazar aga ilkibaşda ol ýere ornaşyp bilmeýär. Ondan Pakistana geçýär. Şol ýerde ornaşyp, täze durmuşa başlaýar. Ýöne ata watany ýatlaýar, dogan-garyndaşlarynyň perzentleri bilen didarlaşmagy arzuw edýär:
“Owganystan bize bolmady. Ahyry Pakistana geçdik, Pakistanyň Karaçi şäherine. Indi, ynha “iltimas edýäris” (haýyş edýäris-red.), şol doganlarym bilen, doganlarymyň [Türkmenistanda galan] perzentleri bilen ölmezden öň bir görüşsek, didarlaşsak diýip, Hudaýa tagalladan haýyş edýäris” diýip, ol gürrüň berýär.
11-nji aprelde “Dünýä Türkmenleri” gepleşigine beren interwýusynda ýazyjy Hudaýberdi Hally geçen asyryň 30-njy ýyllarynyň aýagyna çenli türkmen halkynyň Owganystana ýa-da Eýrana üç tapgyr bosup çykmaga mejbur bolandygyny gürrüň berdi:
Taryhyň şerti
“Biziň milletimiz şu iň täze taryhda azyndan üç gezek gaçyşa, başga ýerlere bosgun bolmaga mejbur bolupdyrlar. Şolardan iň köp mejbur bolanlary aýratyn-da Amyderýanyň ýokary akymynda oturan Kerki sebitiniň milleti, şeýle hem Tagtabazar sebitiniň milleti gaty köp göçüpdir. Şeýle-de Günbatar Türkmenistanda Esenguly Gyzyletrek, olar bilen birlikde Nebitdag (häzirki Balkanabat – red.) töwerekleri, hatda Garrygala-da (häzirki Magtymguly – red.) bar. Şol ýerlerden hem milletiň gaty köp bölegi Eýrana bosgun etmäge mejbur bolupdyrlar. Bu biziň taryhymyzyň agyr şerti” diýip, Hudaýberdi Hally gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myradynyň arhiwinde Ahmet aga atly başga bir türkmen bosguny bilen geçirilen gürrüňdeşlik bar. Ol hem heniz çaga wagty ene-atasy bilen Owganystana bosup çykýar. Ýöne Owganystanda birnäçe ýyl ýaşap, soňra Eýrana geçýär. Ahmet aga 90-njy ýyllaryň aýagynda Azatlyga beren interwýusynda özüniň çekýän watan hasratyny gürrüň berýär:
Hasrat
“Bugdaýlyk diýen ýerden atam gaýdan meniň, ol wagtlar biz entek kiçijik. Bilemok-da, heniz hem arzuwym kän. Indi galan ömri bir türkmen topragynda ýaşasadyk. Ýaşymyz ahyry bolan, hiç bolmanda özümiziň ýaşymyz ahyrlanda-da oglan-uşagymyz bar, öwlatlarymyz oglanlarymyz bar. Umyt edýäris. Heniz hem umydymyzy üzemizok!” diýip, ol aýdýar.
Ol Türkmenistandan göçüp gaýdan ýerleriniň atlaryny agzaýar, watana dolanmak arzuwyny gaýtalaýar:
“Biz türkmen. Ozal atam şol taýdan gaýdan, babam şol ýerde ýaşan, atam şol ýerde ýaşan! Bugdaýlykda ýaşan. Bugdaýlyk diýlen obada. Kerki diýen ýerde bazarymyz bar ekeni. Şony bilýärin! Kerkä barar ekenler, geler ekenler. Adyny eşidýäris, özümiziň arzuwymyz kän – bir görsek, bilsek, barsak, watana türkmene garyşsak diýip, arzuwymyz kän-de, ýöne ýürekde ýatyr! Bolmany dur!” diýip, ol aýdýar.
Ýazyjy Hudaýberdi Hally taryhda köpçülikleýin imigrasiýanyň her milletiň başyna gelendigini nygtaýar:
“[Bular] ähli milletiň takdyrynda bolan zatlar. Sebäbi bir millet başga bir ýere dargapdyr, ýa-da göçüpdir. Ol taryh dowamynda bolup gelipdir. Şonuň bilen birlikde-de, şeýle agyr pursat geçen 20-nji asyryň başynda türkmen halkynyň hem başyndan indi” diýip, ýazyjy belleýär.
Onuň ynanjyna görä, ýurtdan bosup çykan adamlaryň öz ýatlamalaryna esaslanyp, şol döwrüň şertlerine we wakalaryna çemeleşilmeli, bu ugurda metodika taýdan dünýä tejribesinden ugur almaly. Ýazyjy munuň bilen baglylykda dürli taryhy ýagdaýlar sebäpli öz ýurdundan özge ýurtlara gaçyp çykyp, soňy bilen öz milletleriniň hakydasyna, milli kimlige goşant goşan halklary, şolaryň hatarynda daşary ýurtlardaky ermeni diasporasynyň bu ugurda bitiren işlerini mysal görkezdi.
"Il ýazgy" we dünýä tejribesi
“Şol giden adamlar ýöne gitmändiler. Olar öz ýanlary bilen türkmen medeniýetini, türkmeniň taryhyny alyp gidipdiler. Olar öz ýanlary bilen kitaplary alyp gidipdiler. Hatda bize mälim bolan bir maglumata görä, Buhara emirliginde “il ýazgy” diýlen bir kitap bar ekeni. Bir-ä “ýyl ýazgy” diýlen kitap bar ekeni, onda ýyl ýazgylar ýazylýar ekeni. Il ýazgysynda Buhara emirligine il bolan adamlaryň, meselem, ärsarylar, çowdurlar, garaköller, çendirler, beýlekiler we şolaryň tire-taýpalary, nirelerden gelip çykypdyrlar, olar nirelerde otyrlar, hem olara nireler degişli – iliň ýazgysy. Şol il ýazgy bar ekeni! Şol il ýazgy Owganystana giden türkmenler bilen gidipdir diýen gürrüň bar. Şol golýazmanyň yzyny yzarlamak gerek! Şular ýaly golýazmalar başga-da bolmaly. Sebäbi, ýene-de dünýä jemgyýetçiligine dolansak, häzir ermeniler dünýädäki ähli ildeşlerinden bar bolan golýazmalaryny Ermenistana topladylar, Ýerewanda Matenadaran diýen belli golýazma instituty bar. Bütin dünýädäki ermeniler özlerinde bar bolan golýazmalaryny ata-watana gaýtaryp berdiler. Ol hem Ýerewanda gaty berk, berk hasap esasynda-da saklanýar. Ine, biz şol golýazmalary toplamadyk. Ynha Türkmenistanyň öz ygtyýarlylygyny gazanyna eýýäm çärýek asyr wagt boldy. Ýöne şunça ýylyň dowamynda daşary ýurtdan şolar ýaly golýazma tapylypdyr, ýa-da daşary ýurtdaky türkmenler öz ata watanyna şu golýazmany gaýtaryp beripdirler diýen gürrüňi men eşidemok, hut meniň özüm-ä eşidemok, belki bolsa bardyr!” diýip, ýazyjy Hudaýberdi Hally gürrüň berdi.
Ýöne geçen asyryň başlarynda sowet häkimiýetleri türkmen halkynyň arasynda mekdep açyp heniz okap ýazmagy, başlangyç dünýewi sowatlylygy ýokarlandyrmak ugrunda tagalla edýän döwürlerinde ýurtdan gaçyp çykan adamlaryň näçe göterimi ýany bilen kitap ýa-da golýazma alyp çykdy!? Bu soragyň jogaby özbaşyna gözleg işlerini talap edýän ýaly.
Ýöne ýurtdan bosup çykan adamlaryň yzynda olaryň şol döwürler barada beren gürrüňleri bar. Meselem, şolaryň hatarynda heniz 7 ýaşynda wagty häzirki Türkmenistandan ilki Owganystana, soň Pakistana ondan soň Eýrana göçüp baran Ahun aga öz başlaryndan geçen agyr günleri gürrüň berýär:
"Musallat"
“Men ata watan Türkmenistanyň Mary diýen şäherinden. Şurawy (Sowet Soýuzy – red.) tasarrufyna alandan soň (basyp alandan soň-red.), onuň zulmuna takat etmän, watany, maly terk edip Owganystana hijret edip geldik (göçüp geldik-red.), goýun ýyly. Bir nije ýyl, ýa 45 ýa 50 ýyl owgan topragynda ýaşadyk. Mundan soň ýene şol şurawy (sowet soýuzy) musallat boldy. Munuň zulmuna takat edip bilmäni, ondan hem ýene-de hijret edip (göçüp) Pakistana bardyk. Emma Owganystanda ýaşan wagtlarymyzda-da köp muşakgat bilen (kynçylyk bilen – red.), zähmet bilen, har-horluk bilen ýaşadyk. Zähmet-muşakgatyň sebäpleriniň biri biwatanlyk, ýene bir bikowumlyk...Şeýdip, har-hor bolup, muňa-da (Owganystana-da) şurawy musallat bolandan soň, Pakistana geldik. Pakistan-da bir 5-6 ýyl oturdyk. Mundan ýene Eýrana geldik. Häzir 11 ýyl boldy, biziň Eýran topragynda ýaşap ýörenimize” diýip, Ahun aga 90-njy ýyllaryň aýaklarynda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýdýar.
Sowet Soýuzy 1979-njy ýylyň aýagynda Owganystana goşun girizýär, mundan çen tutulsa, Ahun agalaryň 30-njy ýyllaryň ortalarynda ýurtdan bosup çykdyklary bolýar.
Ol Owganystanda ýaşan ýerlerini gürrüň berýär:
“Owal owgan topragynda Andhoý diýýär, Meýmene Döwletabat diýýär, biraz wagt şonda ýaşadyk. Ondan soň, Hyrata bardyk, birnije ýyllap. Ondan soň ýene-de nesibe-kysmat bilen Owganystanyň Mazary Şerip diýen welaýatyna gelip, galaba köpräk şonda oturdyk, tä şura gelýänçä” diýip, Ahun aga aýtdy.
Eýsem, ol ata watana dolanmagy arzuw edýärdimi!? Şonça ýurtlaryň, oba-şäherleriň arasynda göçüp-gaçandan soň, ahyrsoňy ýene-de Türkmenistana dolanmak isläpmidi!? Türkmen döwletinden nähilidir bir kömege garaşypmydy? Bu barada Azatlygyň habarçysynyň soran iki soragyna Ahun aganyň beren jogaby örän täsin:
Habarçy:
- Indi, şol ata watanymyz Türkmenistan häzir garaşsyz boldy, Türkmenistan diýip, türkmeniň häzir ýurdy bar. Şol taýda metjitler dikeldildi, musulmançylyga azatlyk berildi. Şol ata watanyňyza, göbek ganyňyzyň daman ýerine barmak haýyşyňyz barmy, arzuwyňyz barmy, Ahun aga!?
Ahun aga:
- Men saňa näme diýjegimi bilemok!
Habarçy:
- Şol ata watanyňyz Türkmenistandan siz, daşary ýurtlarda ýaşap ýören türkmenler, näme haýyşyňyz bar, şol daşary ýurtda size kömek etse, okuw diýip, bilim diýip, şu ugurdan ýardam etse diýip, haýyşyňyz barmy?
Ahun aga:
- Men-ä näme diýjegimi bilemok, ondan gepletme!
Olar ilki ýurtdan gaçyp çykanlarynda owgan topragynda ýa-da Eýranda nämelere sezewar boldular? Bular barada giňişleýin şol döwrüň şertlerini resmi dokumentler esasynda suratlandyrýan materiallary tapmak kyn, ýa-da, belki-de, mümkin däl! Ýöne bosan adamlaryň hatarynda şahyrlar ýa-da bagşylar duçar bolan ýagdaýlaryny öz döreden eserlerinde gürrüň beren bolsalar, şol maglumatlaryň esasynda döwrüň şertlerini (aradan geçen wagt taryh nukdaýnazaryndan ujypsyz hem bolsa) göz öňüne getirmäge az hem bolsa mümkinçilik bar ýaly.
“Şol döwürlerde, 20-nji asyryň başynda daşary ýurda giden, Owganystana giden Pidaýy diýip bir şahyr bar. Baran ýerinde ondan para talap edipdirler, dokument talap edipdirler. Garaz baran adam ol ýurt üçin gelmişek saýylýar-da. Şonuň üçin hem Pidaýyda şeýle setir bar: ‘Saňa rüşwet gerek, maňa jan gerek’ diýýär. ‘Rüşwet’ para diýmek” diýip, ýazyjy Hudaýberdi Hally gürrüň berýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.