Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bahreýniň patyşasy Türkmenistana sapar eder


Bahreýniň patyşasy Hamad bin Isa al-Khalifa.
Bahreýniň patyşasy Hamad bin Isa al-Khalifa.

Bahreýniň patyşasy 17-19-njy mart aralygynda Türkmenistana sapar eder.

Bu barada daşary işler ministri Reşid Meredow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly anna güni geçirilen nobatdaky mejlisinde mälim etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan beýanatynda bellenmegine görä, duşuşygyň barşynda iki döwletiň liderleri syýasy, bank we nebitgaz ulgamlarynda, himiýa senagatyny şeýle-de söwda-ykdysady gatnaşyklaryny hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde türkmen-bahreýn gatnaşyklarynyň geljegi barada pikir alşarlar.

TDH saparyň netijeleri boýunça döwletara gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga, olaryň ösüşine kuwwatly itergi bermäge gönükdirilen resminamalaryň ençemesine gol çekiljekdigini habar berýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2011-nji ýylyň fewralynda Bahreýne resmi sapar bilen barypdy.

Iki ýurduň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklar 1995-nji ýylyň dekabrynda ýola goýuldy.

XS
SM
MD
LG