Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň administratiw merkezi Bohtar şäherinde ýol hadysasy zerarly türkmenistanly student wepat boldy.
Hatlon welaýatynyň kanun goraýjy edaralarynda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýdylyşyna görä, Merdan Haýdarow ýol gözegçilik polisiýasynyň işgäriniň awtoulagy tarapyndan kakylypdyr. Türkmenistanly student Bohtar şäheriniň döwlet uniwersitetiniň himiýa we biologiýa fakultetiniň 2-nji kursunda okaýardy.
Ýol hadysasy 29-njy noýabrda şäheriň merkezinde bolup, studente zeper ýetip, ol keselhanada aradan çykypdyr.
Deslapky maglumatlara görä, bu pajygaly waka adaty ýol heläkçiligi hökmünde derňelýär. Bohtar şäheriniň prokuraturasy Täjigistanyň Jenaýat kodeksiniň 202-nji maddasynyň esasynda derňew geçirýär.
Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň maglumatyna görä, studenti kakan polisiýa işgäri barada onuň Täjigistanyň kanun goraýjy sistemasynda uzak wagt bäri işleýändigi mälim bolupdyr. Oňa aýyplama ýöňkelmändir.
30-njy noýabrda Merdan Haýdarowyň jesedi ene-atasyna Mary şäherine berildi.
Bohtar şäheriniň döwlet uniwersitetiniň himiýa we biologiýa fakultetiniň dekany Naimjon Aşurow heläkçilikli wakanyň 29-njy noýabrda agşam sagat bäş töwereginde bolandygyny habar berdi. Student sapaklaryndan soň barýardy. Ýol hadysasyna düşen studentiň jesedi welaýat keselhanasynda tapylypdyr we garyndaşlaryna tabşyrylypdyr.
Naimjon Aşurowyň sözlerine görä, Merdan Haýdarow gowy oglandy, oňat okaýardy we asuda häsiýetlidi.
Täjigistan türkmen studentleriniň bilim almak üçin köp barýan ýurtlarynyň biri. Täjigistanyň Hatlon welaýaty etniki türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan regiony hasaplanýar.
Media maglumatlarynda şu ýylyň tomsunda çap bolan sanlara görä, Täjigistanda dört müň çemesi türkmenistanly student bilim alýar.
Şu okuw ýylyň başynda Täjigistanda bilim alýan türkmenistanly studentler Türkmenistanyň daşyna çykmakda kynçylyga uçradylar.
Awgust aýyndan başlap Duşenbäniň we Täjigistanyň beýleki şäherleriniň okuw jaýlaryna giren türkmen studentleriniň ýüzlerçesi serhetden geçirilmedi. Türkmenistanyň serhetçileri gadagançylygyň sebäplerini düşündirmediler.