Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko 23-nji noýabrda Türkmenistan bilen Garlykda gurlan dag-magdan kombinatynyň gurluşygy boýunça basymrak hasaplaşylmagyny talap etdi diýip, БелТА habar gullugy habar berýär.
“Maňa aýdylmagyna görä, Garlyk dag-magdan kombinatynyň gurluşygy babatdaky bergilerşindi hem tölenmändir” diýip, belarus lideri hökümet mejlisinde özüniň bu meseläniň çözülmegine garaşýandygyny aýtdy.
Şeýle-de ol, gerek bolsa, Aşgabatdan alynmaly algy meselesiniň gijikdirmezden çözülmegi üçin Eger Daşary işler ministrligini, ýurduňÝewraziýa ykdysady komissiýasyndaky wekillerini hem ulanmagy talap etdi.
TDH-nyň maglumatlaryndan belli bolşy ýaly, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji noýabrda Belarusyň "Belgorhimprom" kompaniýasynyň Garlykda guran dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň işinden nägiledigini aýtdy.
Maglumata görä, bu kombinat proýekt kuwwatynda öndürmeli dökün möçberiniň (ýylda 32,3 müň tonna) diňe 2, göterimini öndürýär.
Türkmenistanyň prezidenti bu kombinatyň gurluşygynda goýberilen kemçilikleri öwrenip, meseläni halkara arbitraž suduna çykarmaga taýýarlamagy tabşyrdy.
Bahasy $1,1 milliard bolan Garlyk kombinaty 2017-nji ýylyň martynda ulanmaga berlende ýurduň Hytaýa we Hindistana kaliý dökünlerini eksport etmek mümkinçiligine eýe bolandygy aýdylypdy.
2018-nji ýylyň iýulynda türkmen tarapynyň bu kombinatyň gurluşygy boýunça belarus tarapyna $42,7 million bergisiniň bardygy belli boldy.