Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşogzuň resmi “Ak kerwen” dabarasyna býujet işgärleri bir hepdeläp mejbury taýýarlandy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Daşoguz welaýatynyň býujet işgärleri ýurduň döwlet telekanallary üçin surata alnan “Ak kerwen” dabarasyna taýýarlyk çärelerine bir hepdeläp mejbury gatnaşdyryldy. Bu resmi dabaranyň 16-njy sentýabrda geçirilmegi göz öňünde tutulýardy.

Pagta ýygymyna resmi girişilende “Ak kerwen” dabaralary geçirilip, oba-hojalyk tehnikalaryndan düzülen ýük-ulag kerweni döwletiň pagta harmanyna pagta çekýär. Olar döwlet eýeçiligindäki telekanallarda döwlet durmuşynda möhüm waka hökmünde görkezilýär.

Daşoguz welaýatynda resmi pagta ýygymyna 16-njy sentýabrda girişildi.

Azatlygyň howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atsyz çykyş edýän daşoguzly habarçysy regionda gurnalan bu ýylky resmi “Ak kerweniň” agyr geçendigini habar berdi.

“Bir hepdeläp býujet işgärleri mejbury çärelere çekildi. Türkmen telewideniýesi üçin surat alnan “ak kerwen” dabarasyna bir hepdeläp taýýarlyk görüldi” diýip, habarçy aýtdy.

“Bu çärelere gatnaşyjylaryň ençemesi, hem-de olary gurnaýjylaryň birnäçesi [bu saparky dabaranyň] Daşogzuň taryhyndaky iň kyn, iň agyr geçen dabara çäresi bolandygyny belleýär” diýip, habarçy sözüni ýetirdi.

Azatlyk mundan ozal welaýatda gowaçanyň ýapragyny düşürýän defoliant ýetmezçiligi sebäpli çäre geçiriljek pagta meýdanlarynda býujet işgärlerine gowaçalaryň ýapraklarynyň býujet işgärlerine resmi “Ak kerwen” dabarasyna taýýarlyk çäreleriniň çäginde elde ýoldurylýandygyny habar beripdi.

Ol çäre geçýän etraplarda 2 aýdan bäri aýlyk haklaryny alyp bilmedik býujet işgärleriniň çärelerdäki çykgynsyzlygyna ünsi çekdi.

Şeýle-de habarçynyň maglumatlaryna görä, resmi “Ak kerwen” dabarasyna taýýarlyk çärelerine gatnaşýan tehnikalar ýollarda beýleki ulaglaryň hereketine päsgelçilik döretdi.

“[Taýýarlyk çäreleriniň dowamynda] üstüne ak mata ýapylan içi boş ýük maşynlaryň geçýän ýerlerinde olara ýol inspektorlary ýol beletlik etmedi” diýip, habarçy belledi.

Adatça, döwlet telewideniýesinde görkezilýän resmi pagta kerweniniň öňünde we yzynda Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň ulaglary olaryň howpsuzlygyny üpjün edip, ýol beletlik edýär.

Golaýda Azatlygyň habarçysy gürrüňi edilýän resmi dabara taýýarlyk çäreleriniň çäginde Daşoguz welaýatynyň Nyýazow, Ýylanly, Görogly we Boldumsaz etraplarynyň oba we şäher mekdeplerinde 7-nji klasdan başlap, ähli okuwçylaryň [günortan] sagat 12:00-ä çenli okadylyp, soňra pagta ýygymyna çekilýändigini habar beripdi.

Galyberse-de, Azatlygyň regiondaky çeşmesi häkimiýetleriň uly ýollardan geçýän maşynlary saklap, olaryň içindäki ýolagçylary ýolundan goýup, pagta ýygmaga mejbur edýändiklerini öňňin habar berdi.

“Boldumsaz, Gubadag, Nyýazow etraplarynyň deňinde uly ýoldan geçýän maşynlary saklap, öz iş-aladasy bilen gyssanyp barýan adamlary ýolundan goýup, pagta ýygdyrýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran çeşme şonda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, gowaça meýdanlarynda açylyp oturan bol pagta ýok. “Emma azyndan 2-3 kilogram pagta ýygmadyk ýolagçylary ýoluna goýbermeýärler, adamlar häkimiýetler bilen dawalaşmakdan çekinip, mejbury diýlenini edýärler” diýip, çeşme gürrüň berdi.

Bu ýyl Türkmenistanda gowaça ekmek üçin umumy 545 müň gektar ýer döwlet tarapyndan bölünip berildi, hem-de jemi ýurt boýunça 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Daşogzuň kärendeçileri bu ýyl 230 müň tonna pagta ýygmak bilen borçlandyryldy. Ýöne bu ýyl ýaplara suw giç geldi, ýeriň şoruny basýan ýuwuş suwlary köp ýerde tutulmady, "daýhanlar bulutsyz asmana göz dikýärler" diýip, Azatlygyň çeşmeleri ýylyň başynda habar berdiler.

Beýleki bir tarapdan, döwlet eýeçiligindäki resmi metbugat oba-hojalyk pudagynyň pajarlap ösýändigini tekrarlaýar. Daýhanlaryň ýeňillikli mineral dökün bilen, hem-de zerur oba hojalyk tehnikalary bilen üpjün edilýändigini gaýtalaýar.

Halkara hukuk guramalary türkmen hökümetiniň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmagyny tankyt edip gelýär.

2018-nji ýylyň 18-nji maýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Gümrük gullugy Türkmenistanda öndürilen pagtanyň, şeýle-de Türkmenistanyň pagtasyndan taýýarlanan islendik ýurduň önümleriniň ähli görnüşiniň ABŞ-a import edilmegine gadagançylyk girizdi.

XS
SM
MD
LG