Waşingtonda ýaşaýan Tara Laskowski “Tomaşaçy” (“Bystanders”) we “Içiňizdäki şeýtanlaryňyz üçin döwrebap edep kadalary” (“Modern Manners For Your Inner Demons”) atly iki sany hekaýa ýygyndysynyň awtorydyr. 2010-njy ýyldan bäri ol “Smoke Long Quarterly” (Üç aýa çeken tüsse) atly sungat edebiýaty žurnalynyň redaktorydyr.
Ýazyjynyň ikinji hekaýalar kitaby çykanda, ol Facebook sosial ulgamynda awtorlyk sahypasyny açmak barada oýlanýar, ýöne ol soň ýene bu pikirinden gaýdýar.
Awtorlyk sahypasynyň artykmaç taraplary
Elbetde, awtorlyk sahypasynyň öz artykmaç taraplary bar: sany-sajagy belli bolmaýan muşdaklar sizi ol ýerden yzarlap bilýärler, ençeme mugt pikirlere eýe bolýarsyňyz, özüni gowy alyp barmaýan janköýerlerden daşlaşyp bolýar, öz markaňyzy döredýärsiňiz we okyjylar bilen gatnaşygyňyz aňsatlaşýar...
Meselem, “Wolonturist” (“The Voluntourist”) kitabynyň awtory Ken Buddyň öňe sürmegine görä, Facebook sosial ulgamyndaky awtorlyk sahypasy oňa okyjylary özüniň şahsy sahypasyndan daşlaşdyrmaga kömek edýär.
Onuň bilen söhbetdeşlik geçirmek isleýän adamlar hem şol sahypanyň üsti bilen aragatnaşyga geçýärler. Ol şol sahypada täze makalalary barada maglumat paýlaşýar we syýahat ugry boýunça okalmaly internet maglumatlarynyň seplerini goýýar. Itiniň we beýsbol oýunlarynyň suratlaryny bolsa, öz şahsy sahypasynda içgin aragatnaşyk saklaýan dostlary bilen paýlaşýar. Budd munuň hem özi, hem-de okyjylar üçin bähbitlidigini aýdýar.
Ýöne Tara Laskowski awtorlyk sahypasynyň has köp zyýan ýetirip biljekdigini pikir edýär:
“Bir ýazyjynyň her gün üstünde işleýän işi barada oýlanyp görüň. Täze ugurlarda iş, blog makalalary we eserler ýazmak; Twitter, Instagram, Tumblr we beýleki sosial mediada paýlaşmak, Goodreads we Amazonda ses berilmegi (Bu bolsa ýazyjylar üçin örän wajypdyr!). Men bar bolan ähli aladalarymdan daşaryn hekaýa ýazmagy talap edýän başga bir sosial mediada sahypa açsam, ugrumy ýitirerdim. Bolmasa-da ol sahypa meniň kämahal öz Facebook diwarymda garaýşymy beýan edýän pikirlerimi paýlaşýan ýerime öwrülerdi...”.
Laskowski Facebook sosial ulgamyndaky şahsy sahypasynda özüniň markasyny döredendigini aýdýar. Ol ýerde özi üçin halaýan we yzarlaýan ýazyjylarynyň ulgamyny döredipdir.
“Siz haýsam bolsa bir sypaty bolmaýan maýadarlar jemgyýeti ýa-da şereket däl. Okyjylar siziň bilen, ýagny hut awtoryň özi bilen aragatnaşyk gurmak isleýärler. Sosial mediadaky ýörite sahypalar siziň mertebäňizi o diýen ýokary görkezmeýär...” diýip, žurnalist Lisa Hall-Wilson öz blogunda ýazýar.
Iýmit dükanyna limuzin bilen gitmek...
Laskowskiniň sözlerine görä, bu garaýşyň howply taraplary hem bar. Meselem, diňe siziň kitabyňyzy okan ýat adamlar bilen dostlaşmak, şahsy durmuşyňyzy olaryň öňünde açyp görkezmek ýalydyr. Şonuň üçin hem ýazyjy yzygiderli ýagdaýda Facebook sürgüçlerinden peýdalanýar we şol bir wagtyň özünde-de, paýlaşýan zatlarynyň hemmelere elýeterlidigine gowy düşünýär.
“John Grişamyň awtorlyk sahypasyny 1,5 million, Stephen Kingiňkini 4,6 million, Maýa Angelounyň sahypasyny hem 5,6 million adam yzarlaýar. Olaryň janköýerleri üçin ýörite sahypa döretmeginiň bir sebäbi bar. Emma men karýeramyň häzirki sepgidinde özüme janköýer ýygnaýaryn... Awtorlyk sahypasy üçin wagtym we pulum bolmany sebäpli bu ‘iýmit dükanyna gitmäge limuzin kireýine almaga’ meňzejek” diýip, Tara Laskowski ýazýar.
Onuň aýtmagyna görä, Facebook sosial ulgamynyň özüçe girizen täze üýtgeşikliginden soň, janköýer sahypasyny döretmek onuň ýaly ýazyjylar üçin manysyz işe öwrülýär. Çünki ol özüniň 50 dostuny sahypasyny goldamaga çagyrsa we oňa kitaby okan 100 okyjy hem goşulsa, umumy san diňe 150 adam töwereginde bolar. Şeýlelik-de, Facebook sorail ulgamynyň täze kadalary onuň paýlaşýan zatlarynyň okyjylar köpçüligine ýetmegine mümkinçilik bermez.
Ýöne dostluk saklaýan adamlar onuň bilen içgin gürleşip, öz garaýşyny paýlaşyp biler. Olar bir gün onuň kitaplaryny alyp, okap hem bilerler. “Emma okamasalar-da, biz ýene dost bolup galarys” diýip, ol ýazýar.