Bir gün çagaňyzyň sosial mediada öz sahypasyny açasy gelmegi mümkin.
“Çagaňyz 10 ýaşyndan geçen bolsa, bir gün, okuw ýylynyň başlangyjynda ýanyňyza gelip, ‘internetden pylan zady edinmek isleýärin’ diýmegine garaşyberiň“ diýip, San-Fransiskoda ýerleşýän “Common Sense Media” atly hökümete degişli bolmaýan guramanyň ene-atalar boýunça hünärmeni Kerolaýn Knorr aýdýar.
Eýsem, çagalaryň haýsy ýaşda sosial mediada sahypa açmagy oňludyr?
Knorryň sözlerine görä, ABŞ-nda 12 ýaşyndaky çagalaryň haýsam bolsa bir sosial mediada öz sahypasy bar. Bu maglumat onuň işleýän guramasynyň 2016-njy ýylda taýýarlan hasabatynda aýdylýar. Bu hasabat ABŞ-da ýaşaýan 8-18 ýaş aralygyndaky çagalaryň ene-atasynyň 1786 sanysy bilen geçirilen gürrüňdeşlige esaslanýar.
Çagalar ýaşyna görä toparlara bölünen mahaly 13-18 ýaşyndakylaryň 80 göteriminiň sosial mediada agzalygynyň, ýagny öz hasabynyň bardygy anyklandy. 8-12 ýaşyndakylaryň bolsa, diňe 23%-niň sosial mediada öz sahypasy bar.
Birmingemdäki Alabama uniwersitetiniň işgäri, çaga psihology Wiwian Fridman bolsa, 6-12 ýaşyndakylaryň anyk oýlanmak ukybynyň kämilleşýändigini, 12-18 ýaş aralygyndaky çagalaryň hem maňzyna ýetmek ukybyna gönükýändigini aýdýar.
“Çagalaryň ýetginjeklikden owal anyk oýlanmak ukybyna eýe bolýandygy üçin olaryň käbiri sosial media bilen baglanyşykly meseleleriň özenini seljerip bilmeýär” diýip, Fridman belleýär.
“Meniň pikrime görä, iň gowusy onuň bilen bilelikde oturyp, isleýän programmasy we olaryň ulanmaly gizlinlik derejesi barasynda gowy maslahat geçiriň” diýip, K. Knorr nygtaýar.
13 ýaşyny doldurmagy wajypdyr
"Onsoň hem ene-atalaryň çagalaryň sosial ulgamlarda nämäni paýlaşyp-paýlaşmaly däldigi baradaky düzgünleri özara maslahat etmegi örän wajypdyr. 12 ýaş töweregi çagalaryň siziň düzgünleriňizi berjaý etmek we olaryň howpsuzlyk taýdan wajypdygyna göz ýetirip biljek ukyba eýe bolýan döwrüdir” diýip, Knorr aýdýar.
ABŞ-nyň kanunlary ene-atalara bütin maglumatlar barada gözegçilik etmäge ygtyýar berýär. Kanunlara görä, mobil aragatnaşyk hyzmatyny berýän şereketler, internet sahypalary we olaryň hödürleýän hyzmatlary ene-atalaryň razylygy bolmazdan 13 ýaşyna ýetmedik çagalardan haýsam bolsa bir şahsy maglumat islemeýär. Şonuň ýaly-da, şeýle maglumatlary hem hiç kim bilen paýlaşmaýarlar. Meselem, Facebook sosial ulgamynyň maglumatyna görä, ony ulanjak her bir adamyň 13 ýaşyny doldurmagy hökmanydyr. "Nädogry maglumat bilen şahsy sahypa açmak biziň düzgünlerimize tersdir” diýip, Facebook duýdurýar.
Facebook edil şonuň ýaly-da, 13 ýaşyna ýetmedikleriň özüne sahypa açan halatynda, onuň petiklenjekdigi barada hem duýduryş edýär. Ol ýerde ýaşy ýetmeýän şahsyýetiň sahypasy bilen baglanyşykly şikaýat etmek üçin ýörite nusgalyk arza hem hödürlenipdir.
Ene-atalar çagalary bilen sosial media sahypasy hakda gürrüň etsinler
“Ene-atalaryň köpüsi bu düzgüniň maksadynyň çagalary howpdan goramakdygyny gowy bilýär. Aslynda, munuň sebäbi şundan ybarat, ýagny sosial media hyzmatlarynyň aglabasy maglumatlary paýlaşýar ýa-da olary jemleýär. Ýöne olaryň 13 ýaşyndan kiçi bolanlaryňkyny ulanmaga kanuny ygtyýary ýokdur” diýip, Knorr aýdýar.
Alabama çagalar hassahanasynyň pediatry we Birmingemdäki Alabama uniwersitetiniň professory Kendis Daý bolsa, ene-atalaryň çagalary bilen sosial media sahypasy barada gürrüň etmegini maslahat berýär.
"Olara şeýle diýip aýtmaly, ýagny bir adamy tanamaýan bolsa we ol dost bolmagy teklip etse, ony kabul etmesinler. Kimdir biri oňaýsyz hereket etse, ony dostlykdan çykarsyn...” diýip, Daý aýdýar.
Zenan Knorr, howpsuzlyk we gizlinlik meseleleri has wajypdygyna garamazdan, aslynda çagalaryň sosial mediada ýitirýän ummasyz wagtynyň iň esasy problemalaryň biri bolup durýandygyny nygtaýar.
Amerikanyň pediatrlar akademiýasy 5-18 ýaşyndaky çagalaryň ýatýan otagynda elektronik enjamlaryň bolmazlygyny, ylaýta-da, uklamazdan bir sagat owal we maşgala bilen naharlanýan mahaly, haýsam bolsa bir elektroniki enjam ulanmazlygyny maslahat berýär.
Gurama, ene-atalara kompýuteriň öňünde geçirilýän wagtyň soň semizlik, ukysyzlyk, internetden howp abanmagy, çagalaryň mekdepde okuwa ünsüniň azalmagy ýaly dürli problemalara sebäp boljagyny duýdurýar.