Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ senatorlary Türkiýä F-35 uçarynyň ugradylmagynyň öňüni aldylar


F-35 kysymly harby uçar
F-35 kysymly harby uçar

ABŞ-nyň senatorlary F-35 kysymly harby uçarlaryň Türkiýä ugradylmagynyň öňüni eýýäm ikinji gezek aldylar.

Senatorlar Ankaranyň Moskwa bilen S-400 howa hüjüminden goranyş ulgaymyny satyn almak baradaky baglaşan ylalaşygyndan çekilmegini soraýarlar.

Türkiýe bilen Russiýa bu ylalaşygy 2016-nji ýylda baglaşypdylar. Munuň yz ýany, Waşington we onuň NATO ýaranlary, rus ýaraglarynyň Ýaranlygyň we ABŞ-nyň harby serişdeleri bilen utgaşmaýandygyny aýdyp, bu herekete aladalanma bildiripdiler.

“F-35 NATO-nyň iň döwrebap harby uçarydyr. Eger-de, Türkiýe S-400 [ulgamyny] alsa, bu ruslara F-35 uçaryna hüjüm etmegiň ýollaryny tampak üçin maglumatlary toplamaga mümkinçilik berer” diýip, senator Kris Wan Hollen (Chris Van Hollen) çykyş etdi.

XS
SM
MD
LG