Gürjüstanda hökümetiň işden çekilmegini talap edilip, geçirilen müňlerçe adamlyk protest çäreleri tamamlandy. Emma, protestiň guramaçylary demonstrasiýalaryň şenbe güni giçlik ýaňadandan başlajakdygyny mälim etdiler.
31-nji maýda başlan protestleriň lideri Zaza Saralidze Tblisiniň parlamentiniň köne binasyny öňünde çadyr dikip, şol ýerde galjakdygyny aýtdy.
Müňlerçe adam geçen ýylyň dekabrynda bolan uruş-dawada iki ýetginjek oglanyň pyçaklanyp öldürilmegine gatnaşygy bardygy aýdylýan ýaşlaryň sud diňlenişigine syýasy täsiriň bolandygyny aýdyp, proteste başladylar.
Janyna kast edilen ýetginjekleriň biriniň kakasy Zaza Saralidze oglunyň öldürilmeginden sud jogapkärçiligine çekilýän iki adamdan daşgary başga adamlaryň jogapkärdigini aýdýar.
Ol gürji prezidentiniň we premýer-ministriniň, protestçileriň ýurduň adalat sistemasyny täzelemek ugrundaky talaplaryny berjaý etmek üçin, edýän tagallalaryna hem garamazdan, hökümetiň täzelenmegi ugrundaky çagyryşlaryndan el çekmejekdiklerini aýtdy.