Aşgabatda bir wagtlar alyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan, mundan bir ýarym ýyl ozal hem ýapylan “Ýimpaş” söwda merkezi sökülip başlandy.
"Ýimpaş" sökülýär

1
Aşgabatda öňki “Ýimpaş” söwda merkeziniň binasynda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň düzümine girjek sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetini döretmek boýunça işler başlandy.

2
1999-njy ýylda açylan “Ýimpaş” söwda merkezi we onuň ýanyndaky täjirçilik merkezi türkmen häkimiýetleri tarapyndan 2016-njy ýylyň dekabr aýynda ýapylypdy.

3
Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, şonda türkmen häkimiýetleri “Ýimpaş” söwda merkeziniň we täjirçilik merkeziniň türkiýeli resmilerini türk dini ruhanysy Fethullah Güleniň hereketi bilen ilteşigi bolmakda aýyplady.Emma bu aýyplamalar türkmen häkimiýetleri tarapyndan hiç haçan resmi derejede yglan edilmedi, ýöne inkär hem edilmedi.

4
1999-njy ýylda açylan “Yimpaş” söwda merkezi 20,000 m2 ýapyk meýdanda ýerleşýär. 2007-nji ýylda ulanyşa berlen “Yimpaş Täjirçilik” merkezi 18,000 m2 meýdany eýeläp, onda jemi 64 sany daşary ýurt we ýerli şereketleriň edaralary ýerleşýärdi.