27-den 28-ne geçen gije Aşgabady çal tozan gurşap aldy. Bu ýagdaý 28-nji maýda tutuş güni dowam edip, 29-njy maýda hem çal tozanyň howada belli bir derejede saklanyp galýandygyny görse bolýar. 29-njy maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine degişli edaralaryň işgärleri iki gün ozal ýagan güýçli ýagşyň netijelerini arassaladylar.