Türkmenistanda azyk defisiti dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda Aşgabatda ýene-de şeker gymmatlapdyr we käbir dükanlarda asla satuwdan aýrylypdyr.
Читайте также на русском
“Döwlet dükanlarynda şekeriň bir kilogramyny 7 manatdan satýarlar, bu hem soňky günlerinde gytaldy. Käbir dükanlar asla satmaýarlar. Hususy dükanlarda şekeriň bir kilogramyny 9-10 manatdan satýarlar we onuň tiz wagtda 15 manat boljagyny ýuwaşlyk bilen duýdurýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.
Onuň sözlerine görä, hususy dükanlarda şeker satuwda bar, emma has ýokary bahadan.
Şu günler Aşgabadyň azyk dükanlarynyň öňünde uly nobatlary görmek mümkin. Alyjylar nobata durup, esasan şeker, un we pagta ýagyny satyn alýarlar.
Gymmatlama çagalar üçin niýetlenen önümlerde we iýmitde hem duýulýar. Şu günler ýurtda öndürlen pampersleriň 8-10 sanysyny öz içine alýan gabyň bahasy 10 manatdan 14 manada çenli gymmatlady.
Çagalar üçin iýmitlerden “Malýutka” atly süýtli önümiň bahasy 35 manatdan 68 manada ýetdi. Birnäçe gün mundan öň “Nutrilak” atly süýtli önümiň 400 gramlyk gutusynyň Aşgabatda 105 manada ýetendigi habar berlipdi.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň 23-nji maýda habar bermegine görä, gytalýan dermanlaryň sany hem köpelipdir.
“Damariçi sanjym üçin suwuklyklar satuwdan ýitirim boldy. Ýogsa-da olar ýurduň içinde öndürilýär. Başda olaryň bahasy 3.2 manada ýetipdi, soň 6.5 manat bolupdy, häzir bolsa, dermanhanalardan asla ýitdi. Bu bolsa örän uly problema” diýip, habarçymyz aýdýar.
Mundan öň Türkmenistanda gant keselliler üçin zerur insuliniň, şeýle-de ýürek-damar keselleri we aýal näsaglyklaryny bejermek üçin niýetlenen dermanlaryň gytalandygy habar berlipdi.
Ýylyň başyndan bäri ýurtda dermanlar ortaça hasapdan üç esse gymmatlady.
Derman gytçylygy bilen bir wagtda ýurtda dermanhanalar hem ýapylýar.
Dermanhanalaryň işgärleri munuň sebäpleriniň arasynda milli puluň konwertasiýasynyň ýagny daşary ýurt walýutasyna öwrülmeginiň kynlaşmagyny, dermanlaryň ýurda getirilmegine çäklendirmeleriň girizilmegini, şeýle-de dermanlaryň gymmatlamagy bilen bir wagtda raýatlaryň maddy ýagdaýynyň agyrlaşmagyny agzaýarlar.
Türkmenistanda azyk önümleriniň we dermanlaryň gymmatlamagy we gytalmagy ýurtda daşary ýurt walýutasynyň resmi bolmadyk bahasynyň galmagynyň fonunda dowam edýär.
Şu hepdede, amerikan dollarynyň “gara bazardaky” bahasy täze rekorda ýetdi. 23-nji maýda Aşgabatda bir dollar elden ortaça 22 manatdan, Daşoguzda 23 manatdan satyldy. Türkmen manadynyň amerikan dollaryna bolan resmi gatnaşygy 3.5 manat derejesinde üýtgewsiz saklanýar.