Häkimiýetler Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda öňi 77-lik bilen başlaýan awtoulaglaryň döwlet beglilerini ýygnaýarlar. Türkmenistanda “owadan” belgili awtoulaglaryň sanlary boýunça girizilýän täze çeklendirmeleriň maýyň aýagyna ýa-da iýunyň birinji on günlügine çenli tutuş ýurda ýaýylmagyna garaşylýar.
Читайте также на русском
Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew ilat arasyndaky gürrüňlere salgylanyp, agzalýan çäreler hakdaky täzelikleri aýdyňlaşdyrdy.
“Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda döwlet belgisi, ýagny maşynyň öňi 77-lik san bilen başlanýan bolsa, gabat gelen ýerde köçe-ýol hereketi gullugynyň inspektorlary şol awtoulaglary saklaýarlar hem-de şolaryň döwlet belgisini, nomerini aýyrmagy talap edip, belgini özleri alyp gidýärler hem-de ýene-de 2-3 günden etrap polisiýasynyň köçe-ýol hereketi gullugyna barmalydyklaryny, şol ýerde olara täze nomeriň beriljekdigini aýdýarlar” diýip, Bugaýew habar berdi.
Şol bir wagtyň özünde, paýtagtly synçy Türkmenistanda hususy eýeçilikdäki awtoulaglar bilen bagly döredilýän kynçylyklaryň indi 1 ýyl bäri yzygiderli dowam edip gelýändigini aýratyn nygtap, muňa mysal hökmünde, häkimiýetleriň welaýatlardan paýtagta gelip kireý edýän hususy atowulaglaryň eýelerinden ulaglaryny ak reňke boýamagy talap etmeklerini agzap geçdi.
“Türkmenistanda dürli ýollar bilen, hususy eýeçilikdäki awtoulag eýelerine kynçylyk döretmek indi 1 ýyl çemesi wagt bäri dowam edip gelýär. Şolaryň biri, ozaly bilen welaýatlardan Aşgabat şäherine ýa-da beýleki welaýatlara kireý edýän hususy eýeçilikdäki taksilerden maşynlarynyň reňkiniň ak bolmagy talap edildi. Ak bolmasa, onda, hatda Aşgabat şäheriniň içine goýbermeseler, ýola çykmak şolar üçin gadagan. Birinjilik bilen maşynynyň reňkini ak reňke boýatmaly etdiler” diýip, Bugaýew aýtdy.
Ol bu çäklendirmeler baradaky söhbetden soň, 77-lik belginiň täzelikde gadagan edilmegi we onuň mümkin bolan sebäpleri hakynda giňişleýin mmaglumat berdi.
Synçynyň sözlerine görä, Serdar etrabynda käbir awtoulag eýeleri täze çäklendirmäniň sebäpleri bilen gyzyklanyp, häkimiýetlere ýüz tutupdyrlar, ýöne gadagançylygyň ýerine ýetirilmegini berk talap edýän ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri özleriniň bu çäklendirmäniň sebäplerinden bihabardygyny, olaryň diňe “ýokardan” berlen buýrugy berjaý edýändiklerini aýdypdyrlar. Şeýle-de söhbetdeşimiz, ýüz tutulan häkimiýet wekilleriniň çinleri barada-da maglumat berip, olaryň esasan kiçi çinli, ýagny kiçi seržant, seržant çinlerindäki gullukçylardygyny sözüne goşdy.
“Hemmesiniň berýän jogaby birmeňzeş jogap: “Näme üçindigine biz düşünemizok, bize berlen görkezme – şu hepdäniň 5-nji gününe çenli, ýagny 11-nji maýa çenli Serdar etrabynda, Serdar şäherinde, öňi 77-lik bilen başlanýan döwlet belgili maşyn duşsa, onda wezipäňizden hoşlaşdygyňyz hasap ediň” diýip berkden berk görkezme berlipdir” diýip, synçy aýtdy.
Agzalýan sebitde “owadan” belgiler boýunça gözegçiliň güýçlenýändigine ünsi çeken söhbetdeşimiz, öňi 77-lik bilen başlanýan döwlet belgileriniň ählisiniň Serdar etrabyndadygy baradaky çaklamalary ýerli ýaşaýjylara salgylanyp habar berdi.
“Öňi 77-likden başlanýan ähli döwlet belgisi häzir Serdar etrabynda diýip, gürrüň berýärler. Olam jemi 1 ýüz awtoulaga dakylan nomerdigini aýdýarlar” diýip, Bugaýew mälim etdi.
Synçynyň sözlerine görä, mundan sanlyja gün ozal ulaglaryny ak reňke boýadansoň, tehniki guratlyk hatyny almak üçin başdan-aýak barlagdan geçip, özleriniň gymmatly wagtyny hem-de maddy serişdelerini ýitiren serdarly awtoulag eýeleri, indi döwlet belgileriniň çalşyrylmagynyň özlerinden talap edilmegi bilen, şol bir prosesiň, ýagny tehniki guratlyk hatyny almak üçin zerur bolan barlagyň ýaňadan gaýtalanmagynyň özlerinden talap edilmeginden howatyrlanyp ünjä galýarlar.
Bu çäklendirmäniň tutuş welaýata degişlidigi ýa-da däldigi bilen gyzyklanandygyny aýdan synçy, Balkan welaýatynyň beýleki etrapdyr şäherlerinde beýle gadagançylygyň ýokdugyny sözüne goşdy. Ýöne, ol awtoulaglardaky öňi 11-lik, 22-lik, 33-lik we şuňa meňzeş birmeňzeş “owadan” belgileriň diňe bir Serdarda däl, tutuş ýurtda gadagan edilmeginiň ahmaldygy barada ilat arasynda ýaýran gürrüňlere ünsi çekdi.
“Eger ilat arasynda ýaýran myş-myşlara ynansaň, onda maý aýynyň aýagynda çenli, uzaga gitse iýun aýynyň birinji on günlügine çenli şeýle “owadan” döwlet belgileri ýurt boýunça aýryljak” diýip, paýtagtly synçy Amanmyrat Bugaýew sözi jemledi.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin media we habar serişdelerinde öňi 77-lik bilen başlanýan belgileriň awtoulaglarda gadagan ediljekdigi baradaky ilat arasynda ýaýran gürrüňler agzalmaýar.
Azatlyk Radiosynyň birnäçe ýerli çeşmesiniň aýtmagyna görä, prezident G. Berdimuhamedowyň 7-lik sany ýa-da belgisini halaýar. Berdimuhamedow öz gatnaşýan sport çärelerinde 7-lik belgili awotulaglara münýär, ýurtda geçirilen käbir dabaralaryň senesi we wagty 7-lik belgisine gabat getirilýär.