Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow "Polimeksiň" taşlan ýolunyň gurulmagynyň wajypdygyny ýatlatdy


Aşgabat, "Polimeksiň" işçileri
Aşgabat, "Polimeksiň" işçileri

Türkmen hökümetiniň anna güni geçirilen maslahatynda “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, wise-premýer G.Myradow bu ýoluň taslamasy babatdaky Şertnamany ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işler hakynda hasabat berdi. Emma habarda geçirilendigi aýdylýan işler hiç hili anyklaşdyrylmaýar.

Şol bir wagtda Berdimuhamedow “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýokary tizlikli awtomobil ýolunda gurluşyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň wajypdygyny ýatladýar.

Gürrüň edilýän awtomobil ýoly ozal türkmen hökümeti bilen baglaşylan şertnama esasynda Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasy tarapyndan gurulýardy. Emma sosial ulgamlarda “Polimeksiň” Türkmenistandaky işini bes edendigi hakynda habarlar çykdy.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň ýazmagyna görä, “Polimeks”“Aşgabat-Türkmenbaşy” awtomobil ýolunyň gurluşygynda alnyp barylýan işleri togtatdy we kompaniýanyň ýolbaşçylary ýurdy terk etdi.

Türkmen hökümeti bilen baglaşylan ýol şertnamasy, neşiriň maglumatyna görä, Aşgabadyň töleg ukyby sebäpli bozulana meňzeýär. Has anygy, türkmen häkimiýetleri “Polimeksiň” bu ýoly öz hasabyna gurmagyny we çykdajy haralatlaryny ýoluň geljekde getirjek girdejilerinden almagy teklip edipdir.

Şeýle-de, “Polimeksiň” we beýleki potratçy kompaniýalaryň Türkmenistanda gurluşygy tamamlanan desgalar, şol sanda bahasy 2 milliard dollardan geçýän Aşgabat aeroporty babatda doly hasaplaşyp bilmändikleri aýdylýar.

Türkmen hökümeti bu habarlary ne ret edýär, ne-de tassyklaýar.

XS
SM
MD
LG