Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bitarap Türkmenistan Merkezi Aziýada sebitara geňeş döretmek isleýär


Türkmen we özbek prezidentleri konsert wagtynda.
Türkmen we özbek prezidentleri konsert wagtynda.

Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň Maslahat beriji geňeşini döretmegi teklip edýär. Bu pikir 23-nji aprelde, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana eden saparynyň birinji gününde orta atyldy we sebitiň döwlet baştutanlarynyň mart aýynda Astanada geçirilen duşuşygynyň bir aý gowrak yz ýanyna gabat geldi.

Читайте также на русском

Şonda Astana sammitine döwlet baştutany däl-de,parlamentiň spikeri Akja Nurberdiýewanyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa gatnaşdy we Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň mejlisiň deputaty Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşandygy habar berildi.

Türkmen prezidentiniň tassyklamagyna görä, türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň iň ileri tutulýan ugry “Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek” bilen bagly. Şeýle-de ol bu iki ýurduň “gapma-garşylyklara ýol bermezlikde” öz üstlerine düşýän jogapkärçilige gowy düşýändigini belledi.

Berdimuhamedowyň sözlerine görä, Türkmenistan öz wagtynda sebitiň ýurtlarynyň döwlet baştutanlary derejesinde duşuşyk geçirmek teklibini öňe sürdi weşu ýylyň martda Astanada geçirilen sammit “bu taglymyň esaslydygyny görkezdi”.

Regionyň döwlet baştutanlarynyň Maslahat beriji geňeşi, türkmen lideriniň teklibine görä,“ylalaşylan gün tertibi esasynda sebitiň ýurtlarynyň paýtagtlarynyň her birinde nobatma-nobat geçirilmeli”.

Ýersli synçylar, şol sanda Türkmenistanyň hökümet başlygynyň ozalky orunbasary Nazar Söýünow sebitdäki döwletleriň baştutanlarynyň 1991-nji ýyldan şu wagta çenli geçen döwürde kadaly goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goýup bilmädiklerini aýdýar.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti S.Nyýazowyň hökümetinde nebit-gaz pudagyna gözegçilik eden we sebit liderleriniň duşuşyklaryna gatnaşan N.Söýünowyň pikiriçe, Merkezi Aziýa sebitindäki ösüş “awtoritar hökümetler we olaryň baştutanlarynyň metbugat azatlygyndan we beýleki azatlyklardan gorkmagy” sebäpli bökdelip gelýär.

“Iň esasy problema - olaryň her biri syýasy planda dünýä derejesindäki lider bolmak isleýär, olaryň arasynda bu ugurda yglan edilmedik ýaryş barýar” diýip, Nazar Söýünow Azatlyk radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

Moskwada ýaşaýan ozalky ministriň ynanjyna görä, sebitiň liderleriniň her biri özüni aýratyn alnan respublikanyň ýa territoriýanyň bähbitlerinden has ýokary, dünýä derejesindäki we dünýä ýagdaýlaryna täsir ýetirýän lider hasaplaýar.

“Olaryň her biri şeýle bolmak isleýär, ýöne bu meseläniň diňe bir tarapy” diýip, Söýünow aýtdy. Ýaşuly syýasatçynyň pikirine görä, merkezi aziýa döwletleriniň liderleriniň özara düşünişip, kadaly gatnaşyp bilmezliginiň ikinji sebäbi metbugat azatlygyndan we beýleki günbatar gymmatlyklaryndan aşa gorkmak bilen bagly.

“Her bir aýratynlykda alnan merkezi aziýa döwletiniň metbugat azatlygy, hereket azatlygy, adam hukuklary meselesinde öz oňaýsyzlygy bar. Olar awtoritar döwletler we özara gatnaşyk, erkin hereket haýsam bolsa bir derejede itergi bolar, awtoritar režime täsir ýetirer öýdüp gorkýar” diýip, Nazar Söýünow aýtdy.

Emma muňa garamazdan, ýerli synçylarda Yslam Kerimowyň ornuna gelen Şawkat Mirziýoýewiň sebitdäki hökümetara gatnaşyklary giňeltmek ugrunda edýän tagallalary regiona nähilem bolsa täsir ýetirmän bilmez diýen pikir hem bar.

Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen aşgabatly synçynyň pikirine görä, Türkmenistan öz bitaraplyk durumyny bahanalap, sebitde iň ýapyk döwlet bolup galmagyny bes etmeli bolar, ýogsa Aşgabat Daşkent bilen arada döreýän täze mümkinçiliklerden hem peýdalanyp bilmez.

XS
SM
MD
LG