Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ikinji kaliý dökünleri kombinatyny öz güýji bilen gurmakçy bolýar


Garlyk dag-magdan kombinaty
Garlyk dag-magdan kombinaty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy aprelde geçiren hökümet maslahatynda wise-premýer O.Gurbannazarowa kaliý dökünlerini öndürýän kombinatyň hem-de ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy boýunça degişli dokumentleri taýýarlamagy tabşyrdy.

TDH-nyň maglumatyna görä, 16-njy martda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ýurduň ikinji kaliý dökünleri kombinatynyň hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy üçin, ýeňillikli şertlerde, 3 milliard dollar möçberinde karz berildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine mundan öň kaliý dökünlerini öndürýän kombinat, awtomobil ýollaryny gurmak ýaly proýektler ynanylmandy.

Şeýle-de, geçen ýylyň martynda Garlykda açylan we ulanmaga berlen, belarus hünärmenleri tarapyndan gurlan dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň öz proýekt kuwwatlyklarynda ulanylmaýandygy barada maglumatlar ýaýrady. Ýogsa bu toplumyň öndürýän kaliý dökünleriniň Hytaýa we Hindistana eksport ediljekdigi habar berlipdi.

XS
SM
MD
LG