Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatdaky “Türkmenbalyk” söwda merkezi

2013-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Aşgabatda, Andalyp we Ýunus Emre köçeleriniň kesişýän ýerinde gapdaly restoranly “Türkmenbalyk” söwda merkezi dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi.
Balyk we deňiz önümleriniň muşdaklary şonda bu ýerde ýokary hilli we dürli görnüşdäki balyk, deňiz önümleriniň elýeterli bolmagyna umyt bagladylar. Emma bu toplumyň uly bölegini Döwlet balyk hojalygy komitetiniň edara jaýlary eýeledi. “Ussatlyk bilen bilen taýynlanan balyk önümlerini iýip boljak iki gatly restoran” diýlip yglan edilen täze restoran bolsa, nobatdaky erteki bolup çykdy. Restoran bir ýyl soňra açyldy we başda onda balykly menýusy asla bolmady. Ondaky ýeke-täk balygy fasadda, binanyň girelgesinde görse bolýar. “Janly balykly mini-howzy” bolan, islendik görnüşdäki önümli – täze, doň, guradylan, kakadylan, gaplanan balyklary bolmaly “ýöriteleşdirilen balyk dükanynda” bolsa, bu önümler hatda açylan pursatynda hem örän çäkli ýagdaýda hödürlendi. Emma soň bolanja önümler hem gözden uçdy. Bu ýyl bolsa “ýöriteleşdirilen balyk dükany” has horaşaja jaýa geçirildi, sebäbi ozalky dükanyň ornunde türk aşhanasy bolan “Şaperi” restorany açyldy.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG