Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Türkmen bilbili’ adyny alan beýik aýdymçy aradan çykdy


Medeniýet Şahberdiýewa
Medeniýet Şahberdiýewa

Türkmen halkynyň saýrak bilbili diýilýän aýdymçy, görnükli sungat ussady Medeniýet Şahberdiýewa 87 ýaşynyň içinde aradan çykdy. liriki-koloratura soprano sese eýe bolan bu aýdymçy örän seýrek duş gelýän talantlardan birisidi.

Resmi terjimehalynda Medeniýet Şahberdiýewa 1930-njy ýylyň 23-nji fewralynda, Kerki şäherinde doguldy diýilýär. Munuň yz ýanyndan onuň 7 ýyl Çagalar öýünde bolandygy aýdylýar. Ol ir wagtda ýetim galypdyr, şol sebäpli-de Çagalar öýüne düşüpdir. Dogluş hakyndaky şahadatnama oňa şol ýerde – Kerkiniň çagalar öýünde berlipdir. Şoňa görä Medeniýetiň nirede we haçan doglany takyk belli däl. Aslynda ol ilkinjileriň hatarynda W.I. Leniniň şekilini hala çiten, tanymal halyçy Bibi Ahmedowanyň hem edebiýat tankytçysy, soňraky Stalin sürgüniniň pidasy Hally Şahberdiýewiň ýegençisidir.

Kerkiniň Çagalar öýünde bolan döwründe Medeniýet aýdym-saz boýunça ilkinji tälim alýar hem onuň aýdym aýtmaga ukybynyň bardygy aýan edilýär. Ol Çagalar öýünde srkipkada saz çalmagy öwrenýär.

Sesleri saýgarmaga bolan aşa ýokary ukyby hem saz sungatyna bolan zehini ol gyzjagazy sazçylyk mekdep-internatyna ýetiripdir. Ol şol ýerde sripka boýunça tälim alýar. Şeýdip, sungatyň uly dünýäsine aralaşýar.

Stalin lagerinde bolýan Hally Şahberdiýew öz etmedik günäsini gany bilen ýuwmak üçin, meýletin urşa gidip, ol ýerde hem agyr ýaralanyp gelensoň, ýegençisini yzyna – öz dogduk şäherine alyp gitmekçi bolýar. Medeniýet munuň bilen ylalaşman, öz okuwyny dowam etdirýär. Soňra ony Sazçylyk uçilişesiniň wokal bölümine okuwa alýarlar. Ol şeýlelik bilen opera aýdymçysy bolup ýetişýär.

Ol türkmenleriň arasynda ilkinjileriň hatarynda, Moskwanyň dünýä belli Konserwatoriýasyna okuwa girýär. Oňa Moskwa konserwatoriýasynda ‘Indiki Rozina’ diýer ekenler.

Medeniýet Şahberdiýewa
Medeniýet Şahberdiýewa

Konserwatoriýadan soň az salym Kiýewiň Opera we balet teatrynda messo-soprano sesi boýunça solist bolup işläpdir. Soňra ol Türkmenistana geldi hem Magtymguly adyndaky Opera we balet teatrynda öz ukybyny il-güne bagyş etdi. Bu teatrda, umuman, Türkmenistanda Medeniýet Şahberdiýewadan öň liriki-koloratura soprano sesli milli aýdymçy ýokdy. Bu ses bolsa opera sungatynda iň möhüm hem tapylgysyz baýlyk hasaplanýar.

Ol türkmen kompozitorlarynyň döreden aýry-aýry aýdymlaryny köpçülige ýetirdi. Aýratyn-da, Weli Muhadow hem Nury Halmämmedow bilen köp işleşmegi başardy. Bu bolsa milli professional sungatyň ýurduň çäklerinden daşary çykmagyna giň ýol açdy. Şonuň bilen birlikde dünýä medeniýetinde tanalýan ussatlaryň romanslaryny, opera aýdymlaryny hem halk aýdymlaryny ýokary derejede aýtmagy başardy.

Medeniýet Şahberdiýewa rus kompozitory Aleksandr Alýabýewiň “Bilbil” aýdymyny aýdyp, ‘türkmen bilbili’ diýen resmi bolmadyk ady gazandy.

Türkmenistanyň opera sahmasynda dünýä belli ussatlar N. Rimskiý-Korsakowyň “Patyşa gelinligi” J. Werdiniň “La Trawiata” hem “Rigoletto”, J. Rossininiň “Sewil dellegi” ýaly operalarynda baş rollary döretdi.

Şol wagtyň özünde türkmen kompozitorlarynyň kinofilmler üçin ýazan aýdymlaryny aýtdy. Ol bu aýdymlary bilen dünýäniň ençeme ýurdunda çykyş etdi. Olardan Nury Halmämmedowyň “Türkmen sährasy” hem “Ganly saka” operasyndan Aýlaryň aýdymy aýratyn hormata mynasyp boldy.

Medeniýet Şahberdiýewa
Medeniýet Şahberdiýewa

Medeniýet Şahberdiýewa ömrüniň soňky böleginde ýa-da 40 ýyllap türkmen ýaşlaryna wokal sungaty boýunça bilim berdi.

Medeniýet Şahberdiýewa SSSR-iň we Türkmenistanyň ençeme hormatly atlaryna we sylaglaryna mynasyp boldy. Ol 1975-nji ýyldan SSSR-iň halk artistidi.

Halkyň aňynda Medeniýetiň ýagty ýadygärligi ýaşar. Ol öz iliniň saýrak bilbilidi.

- Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.

XS
SM
MD
LG