Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede emeli altyn satýan türkmen zenanlary ýaranlary bilen tutuldy


Istanbuldaky bazar. Illýustrasiýa suraty
Istanbuldaky bazar. Illýustrasiýa suraty

Türkiýäniň Çanakkale welaýatynyň merkezinde we onuň Gelibolu etrabynda 5 sany tapawutly altyn-kümüş dükana ýasama altyn zynjyr satyp, alyjylary aldamakda güman edilýän 4 adamlyk topar polis tarapyndan saklandy. Toparyň 2 agzasynyň türkmenistanly zenandygy habar berilýär.

Türkiýäniň habar serişdeleri Çanakkaleniň welaýat polis müdirligine degişli howpsuzlyk bölüminiň işgärleriniň ýasama altyn söwdasyna garşy giňgerimli çäreler görmäge dowam edýändigini bildirýär.

Türkiýäniň "Milliýet" gazeti bu çäkde 21-nji dekabrda welaýat merkezinde Kemalpaşa mähellesiniň Çarşy şaýolunyň ugrunda ýerleşýän 3 sany, Gelibolu etrabynda hem 2, jemi 5 ýuwelir dükana ýasama altyn kolýe satandygy anyklanan ikisi hem 21 ýaşynda bolan M.M. we G.B. atly türkmenistanly zenanlar bilen olaryň türk raýaty 31 ýaşyndaky Ö.T. hem 29 ýaşyndaky M.K. dagynyň polisiň yzarlamagy netijesinde, "34GJK72" döwlet belgili awtoulagyň içinde şäheriň merkezinde saklanandygyny ýazýar.

Gazet güman edilýänlerden Ö.T. atly adamyň ýanyndan 19 sany ýasama altyn zynjyr bilen bilelikde 1 birlik we 250 amerikan dollaryna barabar nagt pul çykandygyny, şeýle-de awtoulagyň içinde hem birnäçe ýasama altyn zynjyryň tapylandygyny mälim edýär.

Türkiýäniň "haberler.com" atly internet neşiri bolsa, polis çeşmelerine salgylanyp berýän habarynda, ýasama altyn satmakda güman edilip, saklanan 2 türkmen zenany bilen ýaranlarynyň saglyk barlagyndan geçirilendigini we yznaýnyndan hem polisdäki işleri tamamlanyp, kazyýete iberilendigini bildirýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, bu habar türk mediasynda galplykda güman edilip saklanan türkmenistanly raýatlar baradaky ilkinji ýa-da ýeke-täk maglumat däl. Mundan owal hem türk mediasy Ankaranyň welaýat häkimligine salgylanyp beren habarynda, žandarm gullugynyň şu ýylyň 18-nji fewralynda Şereflikoçhisar etrabynda gurnan operasiýasynda D.H. atly türkmenistanly bir raýat bilen ýaranlarynyň 1370 sany ýüzlük we galp amerikan dollary bilen ele salynandygyny mälim edipdi.

Stambulyň Beýlikdüzü etrabynyň polisi bolsa internetiň üsti bilen dürli görnüşli ýasama önümleri satýan guramaçylykly topara garşy 20-nji martda Ýakuplu mähellesindäki bir ofise gurnan operasiýasynda 5 konteýnere ýüklenen birgiden ýasama almaz ýüzük, ýasama jynsy egin-eşik, güýji artdyrýan dermanlar, gymmatbaha sagatlaryň ýasama görnüşlerini, ýasama mobil telefonlaryny, köpsanly ýasama faktura bilen lotoreýa biletlerinden ybarat bolan önümleri ele salypdy. Şonda polis galplykda güman edilýän toparyň baştutanlary türkmenistanly R.K, we E.T. bilen türk ýaranlaryny tussag edip, kazyýete tabşyrypdy.

Beýleki tarapdan türk metbugatynda 20-nji noýabrda Stambulda ýasama alkagolly içgi öndürýänlere garşy gurnalan bir operasiýada 120 müň çüýşe ýasama alkagolly içgi bilen 10 tonna çemesi metil spirtiniň ele salnandygy, waka bilen baglanşykly 3 türkmenistanly, jemi 5 adamyň galplykda aýyplanyň tussag edilendigine üns çekilipdi.

Sözi jemläp aýtsak, Türkiýede galplykda güman edilip saklanýan türkmenistanly raýatlaryň ykballary barasynda, degişli türk we türkmen resmilerinden nähilidir bir kommentariýa almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

XS
SM
MD
LG