Şu gün, ýagny 22-nji dekabrda aktiwist Galina Kuçerenkonyň 15 gije-gündizlik tussaglygy doldy we ol azatlyga goýberildi. Azatlyk Radiosyna bu barada onuň hossarlary habar berdiler.
Haýwanlary goraýjy aktiwist Galina Kuçerenko 7-nji dekabrda özlerini tanatmadyk adamlar tarapyndan, Aşgabatdaky öýünden zor bilen äkidildi, şondan soň onuň ykbaly birnäçe günläp nämälim boldy.
Kuçerenkonyň 15 gije-gündizlik tussaglyga höküm edilip, Arzuw obasyndaky ýöriteleşdirilen tussaghanada saklanýandygyny, 11-nji dekabrda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri habar berdi.
Şondan bir gün soň, has takygy 12-nji dekabrda Kuçerenkonyň gyzy Waleriýa bilen duşuşmagyna rugsat berildi. Şonda Kuçerenkonyň tussaglykda saklanýan ýerine baryp gaýdan aşgabatly graždan aktiwisti Nataliýa Şabunts aktiwistiň yzyndan ýyly geýimleri eltmäge rugsat berlendigini aýdypdy.
Galina Kuçerenko birnäçe ýylyň dowamynda Aşgabatda öýsüz haýwanlary goramak, olaryň häkimiýetler tarapyndan guramaçylykly öldürilýändigi hakynda maglumat bermek boýunça aktiw iş alyp barýardy. Ol ölümden halas eden haýwanlarynyň ençemesini öz öýünde saklaýardy.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Kuçerenkonyň öz goňşularynyň şikaýaty boýunça tussag edilendigini, olaryň zenanyň öýünde saklanýan itleri we pişikleri bilen bagly hapaçylykdan zeýrenendigini hem-de aktiwistiň 7-nji dekabrda sud edilendigini habar berdi.
7-nji dekabrda ejesi bilen bilelikde öýünden äkidilenden, soňra Aşgabadyň polisiýa bölümlerine, Azatlyk etrap suduna alnyp barlan we 50 manat jerime salnyp, günüň aýagynda boşadylan Waleriýa Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde, öýüne baran adamlaryň Galina Kuçerenko sütem edendigini we ony güýç bilen äkidendigini gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, hususy jaýyň gapysyny döwüp giren we özlerini polisiýa diýip atlandyran 8 çemesi adam öz atlaryny aýtmandyr, hiç hili resmi kagyz hem görkezmändir.
Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Türkmenistanyň häkimiýetlerini Galina Kuçerenkonyň howpsuzlygyny üpjün etmäge, saklanýan ýeriniň üstüni açmaga, dessine we şert goýmazdan boşatmaga çagyrdylar.
Halkara guramalarynyň Kuçerenkonyň eden-etdilikli tussag edilmegini ýazgaryp ýaýradan beýanatynda, aktiwist zenanyň ogurlanmagyna we tussag astynda, daşky dünýäden üzňelikde saklanmagyna jogapkärleriň kanunyň öňünde jogap bermegi talap edildi.
Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Human Rights Watch” guramasy 8-nji dekabrda ýaýradan beýanatynda, Türkmenistanyň halkara partnýorlaryna çagyryş edip, türkmen hökümetinden Kuçerenkonyň nirede saklanýandygy barada gyssagly maglumat bermegini we ony dessine boşadylmagyny talap etmäge ündedi.
Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanda graždan aktiwistlerine, olaryň maşgala agzalaryna we garaşsyz žurnalistlere garşy basyşlaryň barha güýçlenýändigine ünsi çekýärler.
Diňe soňky aýlarda graždan aktiwisti Nataliýa Şabuntsa, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa, sosial ulgamlaryndaky aktiwist Galina Wertýakowa we Adam hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy guramasynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatulliniň 76 ýaşyndaky ejesi Halida Izbastinowa Türkmenistanda gysyş görkezildi.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew iki ýarym ýyla golaý wagt bäri tussaglykda saklanýar. Onuň häzirki ykbaly nämälim bolmagynda galýar.
Türkmenistan dünýäde media azatlygy we adam hukuklarynyň ýagdaýy baradaky halkara hasabatlarynda, ýyldan-ýyla iň soňky orunlarda ýerleşdirilýär.