Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda talyplardan maşgala girdejileri soralýar


Türkmen talyplary
Türkmen talyplary

Türkmenistanda döwlet býujetinden stipendiýa alýan talyplardan, geljek ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli, özleriniň maşgala agzalarynyň girdejisi hakyndaky güwanamany getirmek talap edildi.

Görkezmäniň maksatlary we sebäpleri aýdyňlaşdyrylmasa-da, bu täze okuw ýylyndan, ýagny 2018-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap, talyp haklarynyň ýatyryljakdygy baradaky maglumatlara gabat geldi.

“Bir hepdeden bäri okaýan bölümimiziň dekany stipendiýa alýan talyplary toplap, ene-atalarymyzyň alýan aýlyk girdejilerini görkezýän, ýerli häkimlik tarapyndan hem tassyklanan sprawkalary getirmegimizi tabşyrdylar. Sebäbini soranymyzda, diňe ‘diýlen bilen boluň’ diýen jogap bilen çäklendiler” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran talyp gyzlaryň biri Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleriniň birine gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýokary okuw jaýlarynyň käbir mugallymlary-da, talyplardan talap edilýän güwanamanyň sebäpleriniň özlerine aýdyň däldigini, emma muny stipendiýalary ýatyrmak üçin bahana hökmünde ulanyp biljekdiklerini aýtdylar.

“Mugt gazy, togy, suwy ýatyranlarynda-da, ‘ilatyň ýaşaýyş durmuş-şertleri gowulandy’ diýip, bahana tapypdylar. Indem ‘talyplaryň maşgalalarynyň girdejileri gowy, olara stipendiýa gerek däl’ diýäýmekleri gaty ähtimal. Şeýle etseler talyplaryň agyr ýagdaýa düşjekdigine göz ýetirip durus” diýip, Magtymguly adyndaky uniwersitetiň mugallymlarynyň biri aýdýar.

Azatlyk Radiosyna stipendiýa alýan talyplardan näme maksat bilen maşgalalarynyň girdejileri barada güwanamalaryň soralýandygyny ýurduň Bilim ministrliginden we ýokary okuw jaýlarynyň degişli ýolbaşçylaryndan anyklamak başartmady.

Bu aralykda, Türkmenistanyň garaşsyzlygyndan bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwründe, ýurt resmileri 2017-2018-nji okuw ýylynda ýokary okuw jaýlarynyň käbir bölümleriniň talyplarynyň stipendiýalaryny asla-da ýatyryp, olary tölegli hasaba geçiripdi.

Munuň netijesinde, tölegli okuwa giren ençeme talybyň berilmeli puluň hötdesinden gelip bilmän, okuwyny taşlamaga mejbur bolandygyna hem üns çekilýär.

“Iýjek-içjegimizden keseris, karz alarys diýip, çagamy ýylyna 7 müň manat soralýan bölüme okuwa saldyk. Emma gün-güzerany aýlamak gün-günden kynlaşýar: bir tarypdan, ähli zat gymmatlap barýar, beýleki tarapdan, aýlygyňy hem wagtynda bermän saklaýarlar. Ýokary okuw jaýynda hem mejbury ýagdaýda okuw, sport lybaslaryny, tigirleri aldyrýarlar; gazetlere abuna ýazdyrýarlar... Garaz, çagamy okuwdan alyp galmakdan başga alajymyz galmady” diýip, maryly Leýla daýza (ady üýtgedilen – red.) gürrüň berdi.

Türkmen resmileri we mediasy ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barasynda häzirlikçe dymýarlar. Munuň deregine, hökümet münberinden we döwlet mediasyndan, türkmen ýaşlaryna dünýä derejesinde ýokary bilimiň berilýändigi yzygiderli tekrarlanýar.

XS
SM
MD
LG