Men karar etdim.
Türkmen döwlet transport we aragatnaşyk institutynyň ykdysadyýet fakultetinde mugallymlar PARA alaýarlar (Mugallymlaryň atlary aýryldy - redaktoryň belligi).
Olar kurs işi üçin täze manatda bir studentden 170 manat alýarlar, synaglarda 5-lik üçin 200 manat, 4-lik üçin 100 manat we 3-lik üçin 70 manat alýarlar.
Olar diplom işi üçin täze pulda bir studentden 400 manat alýarlar.
Studentleriň özlerine kurs işini-de, diplom işini-de ýazmaga rygsat bermeýärler, bizi para bermäge mejbur edýärler, olar şeýle diýýärler: “Eger bermeseň, özüňden gör”.
... dekanat seni kurs işiňi täzeden ýazmaga mejbur eder we sen kanikula gidip bilmersiň we men seni ekzamenden ýykaryn gowusy häzir ber soňra gymmt bolar. Men hiç bir zat edip bilmedim 170 manat berdim. Ol 170*11=1650 ýygnady.
Eger ýalňyşmasam, ol şol wagt audit boýunça sapak berýärdi.
A soň 4-nji kursda (ikinji semestrde) ol menden 2 kurs işi üçin 260 manat aldy. Men anayk senelerini ýazdym: 30.11.2016 170 manat, 30.03.2017 180 manat we soňra 26.04.2017 180 manat stipendiýa aldym.
Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.