Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda žurnalistiň öýden çykman oturmagyny talap etdiler


Azatlyk radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa
Azatlyk radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa

Azatlyk radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa ýene-de näbelli adamlar tarapyndan ölüm haýbaty atylýar. Has anygy, oňa 14-nji noýabrda ýene hüjüm edildi we žurnalisti yzarlaýan adamlar onuň hiç hili surat almazlygyny we öýden çykman oturmagyny talap etdiler.

Žurnalist Açylowanyň sözlerine görä, bu waka 14-nji noýabrda ir ertir sagat 8:45 töwereginde, ol öz ýaşaýan ýeri bolan Parahat-7 etrapçasynyň golaýyndaky awtoduralga baranda başlanýar.

“Meniň münen awtoulagym ýöräp başlanda awtobusyň gapdaly bilen goňur reňkli AS 42-80-AH belgili daşary ýurt markaly awtoulag hemýöräp başlady” diýip, ol aýtdy.

Açylowa iki duralgadan soňra awtobusdan düşüp, başga nomerli awtoulaga münmekçi bolanda, yzarlaýan maşyndakylar hem saklanyp, olaryň biri - gara kurtgaly, gök jinsi balakly 25-30 ýaş aralygyndaky garaýagyz adam hem žurnalistiň münen awtoulagna münýär hem-de ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň maglumat merkezine barýança onuň yzyndan aýrylmaýar.

Žurnalisti yzarlaýanlaryň awtoulagy
Žurnalisti yzarlaýanlaryň awtoulagy

Yzarlaýjylar žurnalist maglumat merkezinden çykýança köçede garaşyp, soň ýene onuň yzyna düşýärler. Habarçynyň tassyklamagyna görä, yzarlaýjylaryň biri onuň yzy bilen Andalyp köçesiniň ugrundaky “Garagum” dükanyna hem girýär we haçanda olköçäniň beýle ýüzüne geçip, azyk dükanynyň ýeňsesinde ösümlik ýagynyň satylýan ýerinden birki sany surat alanda ilki uzakdan “surat alma” diýip gygyrýar, soň yzyndan ýetip, paýyş sözleri aýdyp,masgaralap gygyrmaga başlaýar.

“Hüjümçi ‘Häzir daş alyp kelläňi döwerin, fotoapparatyňy ýene bir gezek çykarsaň, çym-pytrak ederin, özüň bilen bile çym-pytrak ederin’ diýip, paýyş sözler bilen üstüme gygyrdy” diýip, žurnalist Azatlyk radiosyna aýtdy.

Açylowanyň tassyklamagyna görä, näbelli hüjümçi žurnaliste haýbat atýan wagtybir ýerlere jaň edip, görkezme-de alypdyr we soňra oňa “ Git öýüňe, öýüňden çykman otur, öýüňden çyksaň ölersiň” diýip haýbat atypdyr.

Žurnalist ol adamlaryň şondan soňam yzyndan galmandyklaryny, tä öýüne gelýänçä maşynly yzarlandyklaryny gürrüň berýär.

Ýatladýarys, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa iýul aýynyň aýagynda 24 sagadyň dowamynda iki gezek hüjüme sezewar boldy.

Žurnalist 29-njy iýulda “ölüm” haýbatyny atan adamyň özüne polisiýadan surat aldyrmazlyk barada görkezme berlendigini aýdandygyny gürrüň beripdi.

68 ýaşly Açylowa 2016-njy ýylyň noýabr aýynda hem näbelli adamlaryň hüjümine sezewar boldy. Şonda Aşgabadyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän şypahananyň kafesine gelen iki aýal onuň üstüne “Ynha, şo-da şu, surata düşürip, Türkmenistany masgara edýän” diýip gygyryp başlaýar.

Soňky döwürde Türkmenistanda ýurtda galan az sanly garaşsyz žurnalistlere edilýän hüjüm has ýygjamlaşýar we näbelli hüjümçileriň esasy nyşanalaryň biri Açylowa bolup görünýär.

Adam hukuklaryny gorýaan HRW guramasy oňa 25-nji oktýabrda edilen hüjümi ýazgaryp, žurnalistiň başdan geçirmelerini ýurtdaky “tankydy dymdyrmak üçin edilen ýene bir guramaçylykly synanyşyk” hökmünde häsiýetlendirdi.

Soltan Açylowa özüne edilýän hüjümleriň oktýabr aýynda Gürjüstana syýahat edip geleninden soň ýene möwç alyp başlandygyny aýdýar.

Şeýle-de žurnalist 8-nji noýabrda awtobusyň gapdaly bilen özüni yzarlaýan AS 84-97-AG belgili awtoulagy surata düşürmegi başarandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG