Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Türkmenistanda edilen gurluşyklara, adalatsyzlyklara, deňsizlige ünsi çekmek isleýärin' 


Oba, Türkmenistan (Illýustrasiýa)
Oba, Türkmenistan (Illýustrasiýa)

Türkmenistanda edilen gurluşyklara, adalatsyzlyklara, deňsizlige ünsi çekmek isleýärin.

Milli hazynamyzy isleýşiňiz ýaly dolandyryp, harçlap Aşgabadyñ 15-nji etrapyna geldiňiz. Ýene näçe etrapdan, ýyldan Welayatlarada üns bermekçi?
Aşgabat otaglary gowulandyrylan jaýlarda ýaşamaga haky bar-da Welaýatdakylar adam dälmi? Haýsi welaýata elitga guruldy? Gurulýanlar diňe ors kysmy darajyk jaýlar. Gazanç hemmämiziňki ýöne welin esasy maýa Paýtagta gidýär. Welaýatlylary paýtagta salaňyzok, işledeňizok, welaýatlylara zerur amatly jaý gurluşyk edeňizok, köçeler abatlananok, gaz barmadyk obalar bar, sähel şemal tursa toklar kesilýärkä, kanalizasiýa, atapleniýa ....Düypli reforma gerek!

Garaz ýerasty we üsti işler känķa Milli Hazynamyzy isrip edip milliardlap dollarda başga işleri edip ýörmeklik, Halkyñ hakyna, hukugyna hormatsyzlyk dälmi?

Zerur işler barka Aşgabatda 300 müň dollarlyk howly elitgalary gurmaklyk we gurulyp durka hemmesiniň satylyp dynmagy başga mesele, ( kim nireden nädip gazanýamiş onça puly) welaýatlylar welin öweý enäň çagasy ýaly itilmegi näme sebäpden edilýärkä?

Näme ekseñ şonam biçersiñ!!!

Redaksiýadan: Okyjynyň haty bolşy ýaly çap edilýär. Onda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG