Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 2-nji oktýabrda resmi sapar bilen Türkmenistana barar. Bu saparyň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça amala aşyrylýandygy habar berilýär.
"Türkmenistanyň we Orsýetiň ähliumumy parahatçylygy we durnuklylygy saklamak we goldamak, halkara terrorizmiň, ekstremizmiň howpuna garşy durmak, ýaragsyzlanmak, Owganystandaky ýagdaýy durnuklandyrmak ýaly global gün tertibinde duran esasy meseleler boýunça ýakyn pozisiýalary bar" diýlip, Türkmenistanyň TDH döwlet habar agentliginiň maglumatynda aýdylýar.
Resmi maglumata görä, Putiniň we Berdimuhamedowyň arasynda geçiriljek gepleşikleriň netijesinde “ileri tutulýan ugurlardan özara bähbitli partnýorlygy ösdürmek” boýunça dokumentleriň uly toplumyna gol çekilmegine garaşylýar.
Orsýetiň prezidentiniň Türkmenistana saparynyň taýýarlanýandygy barada ilkinji gezek iýun aýynyň aýagynda Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow habar beripdi.
Şondan bäri bu mesele birnäçe gezek iki ýurduň daşary işler ministrleriniň arasynda maslahat edildi, ýokary derejeli orsýet resmileri tarapyndan agzaldy. Emma Putiniň Türkmenistana saparynyň wagty mälim edilmändi.
Wladimir Putiniň 2-nji oktýabrda Türkmenistana etjek saparynyň wagtynyň yglan edilmegi Orsýetiň mobil aragatnaşyk boýunça iri operatory MTS-iň Türkmenistandaky hyzmatlarynyň kesilmegi barda habar berilmegine gabat geldi.
Putin Orsýetiň prezidenti wezipesinde Türkmenistana soňky gezek 2012-nji ýylyň dekabrynda sapar edipdi.
Orsýetiň we Türkmenistanyň prezidentleri soňky gezek 2016-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Soçide duşuşypdy.