Türkmenistanyň Moskwadaky geçen kitap sergisine hödürlän ähli, şol sanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazandygy aýdylýan eserleri hem baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Türkmenistan 30-njy Moskwa halkara kitap sergisiniň çäklerinde Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň (GDA) döwletleriniň “Kitap sungaty” halkara bäsleşigine 2016-njy ýylda çap edilen neşirleriň dördüsini, şol sanda prezident G. Berdimuhamedowyň üç kitaby hödürledi.
“Meniň ýurdum” ugry boýunça bäsleşikde G.Berdimuhamedowyň “Türkmenistan” atly kitaby birinji orny eýeledi. Prezidentiň ýene bir “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly eseri bäsleşigiň emin agzalarynyň ýörite diplomyna mynasyp boldy.
Bäsleşikde türkmen neşiri ilkinji gezek Gran-pri baş baýragyny hem alyp, bu-da Berdimuhamedowyň ýazandygy aýdylýan “Gadamy batly bedew” kitabyna berildi.
Baýrakly orunlara mynasyp bolan türkmen neşiriniň dördünjisi “Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi” bolup, ol “Okuw kitaby we bilim” ugry boýunça neşirleriň arasynda ýeňiji boldy.
Berdimuhamedow 2006-njy ýylyň aýagynda häkimiýet başyna gelmeginden ozal nähilidir bir kitap çykarandygy barada maglumat bolmasa-da, prezident döwründe sportsmen, aýdymçy we kompozitor, awtosürüji, atşynas, ussat çapyksuwar hökmünde tanaldy. Indi Berdimuhamedowyň adyndan 40 töweregi kitaby çap edildi.
Mysal üçin, 2007-nji ýylda prezidentiň 5 kitaby çap edildi. Şondan soňky ýyllarda ol her ýylda azyndan 2-3 kitap çykartmaga ýetişdi.
2013-nji ýyldan soňky döwürde bolsa, Berdimuhamedowyň has öndümli ýazyp başlandygyny görse bolýar.
Ol 2014-nji ýyldan bäri her ýyl, döredýän täze aýdym-sazlarynyň gapdalyndan, 6-7 kitap ýazyp we çykardyp hem ýetişýär.
Türkmen telewideniýesi Berdimuhamedowyň täze kitaplaryny Ministrler kabinetiniň mejlisinde egindeşlerine sowgat berşini we olaryň ony epilip, maňlaýlaryna sylyp kabul edişlerini görkezerdi.
Mundanam başga, prezidentiň kitaplary indi telewideniýede okalyp, okyjylara mawy ekran arkaly hem ýetirilýär.
Geçen aýda Berdimuhamedowyň öz kakasy Mälikguly aga hakynda ýene bir kitap ýazandygy habar berlipdi. Täze kitap “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” diýlip atlandyrylypdyr we ýurduň Içeri işler ministrliginiň taryhyna hem-de prezidentiň kakasynyň bu ministrligiň işine goşan şahsy goşandyna bagyşlanypdyr.
Prezident mundan öň atasy Berdimuhammet Annaýewe bagyşlanan “Älem içre at gezer” atly kitabyny, kakasyna bagyşlanan “Döwlet guşy” eserini çap etdiripdi. Ikinji kitap boýunça sahna eseri hem döredilipdi.
Şeýle-de, soňky döwürde prezidentiň ejesi hakynda, "gahrymany dünýä beren ene" hökmünde, alkyşly aýdym aýdylyp başlandy.
Bellemeli ýeri, öňki prezident Saparmyrat Nyýazow hem kitap ýazardy we “şa şahyr” diýip taryplanardy, onuň “Ruhnamasy” kyrk çemesi dile terjime dilip, “mukaddes” diýlen eseriň bir nusgasy kosmosa hem iberilipdi.
Nyýazow bu kitaby üç gezek okanyň göni jennete düşjekdigini aýdypdy. Emma indi türkmen okyjylarynyň öňki prezidentiň eserlerinden sowaşýandygy, onuň kitaplarynyň ornuny Berdimuhamedowyň eserleriniň barha kän eýeleýändigi aýdylýar.